USB-gy ARKALY ÇAGANYŇ JYNSYNY ANYKLAMAK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Göwreliligiň 13-16-njy hepdesinden son (jyns agzalary 9-12 hepde aralygy emele gelýär) çaganyň jynsyny kesgitlemek mümkindir. Ultrases barlagynda çaganyň daşky jyns agzalarynyň görülmegi netijesinde onuň jynsy kesgitlenýär. Göwredäki çaganyň jynsy güberçeginiň uzynlygy we gyşarmagy (oglanjyklarda 300-dan ýokary) esasynda, bu möhlet aralygynda çaganyň jynsy barada belli bir maglumat berip bolar. Ýöne kesgitlemeleriň dogrulygynyň lukmanyň tejribesine, ulanylýan ultrases enjamyň hiline we barlag wagty çaga düwünçeginiň ýatyş hem-de umumy (meselem, jyns agzalaryň çişginliligi) ýagdaýyna baglydygyny hem bellemek zerurdyr. Lukmanlaryň bellemegine görä, çaganyň jynsyny kesgitlemek üçin onuň hereketleriniň işjeňleşýän, göwreliligiň 20-22 hepde aralygy has oňaýlydyr. Jynsy kesgitlemekde 3D ultrases enjamlaryň takyklygy bilen tapawutlanýandyklaryny hem bellemelidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.