GÖWRELILIK DÖWRÜNDE ÝÜZE ÇYKÝAN MESELELER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.85 (26 Ses)

Hormatly okyjy!

Ene bilen çaganyň arasynda gan aýlanşygy sag we çep ýatgy arteriýalary, göbek arteriýasy bilen amala aşyp, çaganyň kislorod bilen üpjünçiligi şol damarlardaky gan aýlanşygyna baglydyr. Gan aýlanşygyň bozulmagy bedende bar bolan näsazlyk netijesinde döräp, onuň 3 derejesini tapawutlandyrýarlar. Megerem, Sizde bar bolan gan azlylyk, böwregiň näsazlygy bu bozulmanyň döremeginiň esasy sebäbi bolandyr. Eger maşgala ýagdaýyňyz mümkinçilik berýän bolsa, keselhana şertlerinde dogjak çaganyň kislorod bilen üpjünçiligini ýokarlandyrýan serişdeleri kabul edip, dogruma taýynlyk görme peýdaly bolardy. Bolmadyk ýagdaýynda, Size gözegçilik edýän lukmanyň görkezmesi bilen, bejergini Saglyk öýüniň göwreliler üçin niýetlenen gündizki keselhanasynda kabul edip bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.