TÄZE DOGLAN ÇAGANYŇ KELLESINDE DÖREÝÄN DOGRUM ŞIKESLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (18 Ses)

Täze dünýä uýgunlaşma synanşygy

Dogrum hadysasy aýaldan bolşy ýaly, dünýä inýän çagadan hem belli bir güýji we uýgunlaşmany talap edýändir. Dogulyş ýollaryndan geçmek üçin, çaga enäniň çanaklyk süňkleriniň we myşsa süýümleriniň halkasynyň bildirýän uly garşylygyna döz gelmeli bolýar.

Çaganyň kelle süňkleriniň biri-biriniň üstüne süýşüp bilme häsiýeti dogrum ýollaryny ýeňil geçmäge kömek edýändir. Doglandan soň çaganyň ilkinji gezek aglamagy, emdirilmegi kelle süňkleriniň ýerli-ýerine barmagyna ýardam berýär. Enesi tarapdan çynlakaý sebäpler bolmasa, sag çaga dogrum ýollaryny hiç hili kynçylyksyz geçmäge ukyplydyr. Eger ösýän çaganyň ýa-da enesiniň saglyk kynçylyklary bolan ýagdaýynda, çaga dogrum ýollaryny geçme ep-esli kynçylyk döredip, kellede şikeslenmeleriň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup biler.

Dogrum şikeslenmeleriniň döreme ähtimallygyny peseltmek üçin tebigat çaganyň kelle süňklerini örän berk, şonuň bilen bilelikde hem çeýe edip döredipdir. Olary birleşdirýän "tikinjikler" we öňki (uly) hem-de yzky (kiçi) beýnijikler bolsa kelle süňklerine hereketlenme mümkinçiligini berip, çaganyň kellesine enäniň çanaklygynyň dar ýerlerinden hem şikessiz geçmäge kömek edýändir.

Kelläniň şikeslenmeleriniň döreme sebäpleri

Eger tebigat kelle süňklerine şeýle uýgunlaşma häsiýetini "peşgeş" beren bolsa, näme üçin dogrum çişi, kefalogematoma we kelle süňkleriniň başga şikeslenmeleri döreýärkä?

Kelläniň dogrum şikeslenmeleri enäniň içinde ösýän çagada dürli sebäplere görä ýüze çykan kislorod ýetmezçiligi netijesinde döräp biler. Şeýle sebäplere enede bar bolan keseller: dem alyş ýollarynyň, bagryň, böwregiň dowamly keselleri, endokrin we ýürek-damar ulgamynyň näsazlyklary, enäniň çilim çekmegi degişli edilip bilner.

Dowamly kislorod ýetmezçiligi beden dokumalarynda madda çalşygynyň bozulmalaryna, şol sanda gan damarlarynyň berkliginiň peselmegine getirip, şeýle "gowşak" damarlar dogrumda döreýän basyşa döz gelmän, beýni dokumasyna ýa-da beýniniň daşky bardasynyň aşagynda gan ýygnanmalaryň döremeginiň sebäbi bolýarlar. Şeýle dogrum şikeslenmeleri beýni öýjükleriniň ölmegi ýaly howply netijelere getirip bilýändir.

Beden agzalarynyň, şol sanda damarlarynyň hem doly kämilleşmändigi sebäpli, wagtyndan öň dogulýan çagalarda-da kelle şikeslenmeleri ýygy duş gelýändir. Wagtyndan geçip dogulan bäbejiklerde bolsa, süňkleriiň gatap, uly we kiçi beýnijikleriň ýapylýandygy sebäpli, süňkleriň uýgunlaşmagy kynlaşyp, dogrum şikeslenmeleri ýygy duş gelip biler.

Kellede dogrum çişleri we kefalogematoma kellesiniň ölçegleri enäniň dogrum ýollaryna gabat gelmeýän uly agramly çagalar doglanda hem ýygy ýüze çykyp bilýändir.

Çaganyň ýatgyda nädogry ýerleşmegi hem, meselem çaganyň otyrýeri bilen gelmegi, kelle şikeslenmelerine getirip biler.

Kesar kesimi operasiýasynyň kömegi bilen dogulýan çagalarda kelläniň şikeslenme ähtimallygy pes bolsa-da, meýilleşdirilen operasiýa bilen deňeşdirilende, gaýragoýulmasyz ýagdaýda geçirilýän operasiýalardan soň kelle şikeslenmeleri has ýygy duş gelýändir. Bu bolsa operasiýadan öň dogrum güýçleriniň başlanyp, kelläniň dogrum ýolunda gysylyp şikeslenme alandygy bilen düşündirilýändir.

Çagalarda döreýän derasty gan ýygnanmalar, dogrum çişleri

Goraglylyk mehanizmi hemişe çagajygy şikeslenmelerden goramaga ukyply bolman, dogrum üçin adaty bolan çişginliligi – dogrum çişleriniň döremeginiň sebäbi bolup biler. Düzgün bolşy ýaly, dogrum çişleri çaganyň saglygyna we daşky görnüşine howp salyp biljek şikeslenme bolman, ol çaganyň öňde gelýän synasyna agram düşmegi netijesinde döreýän çişginlilikdir. Dogrum çişleri adatça çaganyň ýeňsesinde ýa-da depesinde, käwagtlar maňlaýynda, ýüzünde, otyrýerinde döräp biler. Dogrum wagty dokumalaryň gysylmagy netijesinde gan we limfa durgunlylygynyň döremegi bu şikeslenmäniň esasy sebäbi bolup durýandyr.

Dogrum çişleri çalt geçip, dogrumdan soňky 2-3 günüň içinde hiç hili bejergisiz ýitip gidýändir. Gögümtil gan ýygnanmalar bolsa, eýýäm ikinji hepdäniň başyna ilki solup, soň bolsa saralyp aýrylýandyrlar.

Kelledäki dogrum çişleri: ýaramaz netijeler we bejergisi

Kelledäki dogrum çişleri howpsuz hasaplanýan bolsa-da, gan akmalara meýilli körpelerde ulalyp we wagtynda bejergi geçirilmedik ýagdaýynda iriňläp bilýändigini aýratyn belläp geçmelidir. Bu bolsa örän howply ýagdaýdyr. Gan akma meýliň ýokary bolmagy çaganyň damarlarynyň gowşaklygy, ganyň kadaly lagtalanmagy üçin zerur bolan K, C, D witaminleriniň ýetmezçiliginden döräp bilýändir.

Şunuň ýaly ýagdaýlarda eldetde, doly bejergi tapgyryny geçirme zerur bolup, gan akmany kesiji serişdeler (kalsiý hloridi, wikasol, witaminler), antibiotik serişdeleri (gan ýokançlyklar üçin amatly iýmitlendiriji sredadyr) lukmanyň gözegçiligi astynda ulanylýandyr.

Kelledäki dogrum çişini kefalogematomadan hähili tapawutlandyrmaly?

Ýaňy doglan çaganyň kellesinde dogrum çişini anyklan lukman esasy alamatlara üns bermelidir: dogrum çişi kefalogematomadan tapawutlylykda bir kelle süňküniň çäkleri bilen çäklenmän, birnäçe kelle süňküniň çäklerine ýaýrap gidýändir.

Kefalogematomada gan bir kelle süňküniň üstki gatlagynyň aşagyna ýygnanyp, bir kelle süňküniň araçäginden (şikeslenen depe, ýeňse, maňlaý ýa-da çekge süňkleri) daşyna ýaýraýan däldir. Kefalogematomanyň üstüne basylanda, basylan ýerden tolkunlar ýaýrap gidýän ýaly alamat döreýändir.

Kellede döreýän kefalogematoma

Dogrum kefalogematomasy 100 sany ýaňy doglan çaganyň 1-2 sanagynda duş gelip bilýändir. Dogrumdan söňky günler kefalogematoma dogrum çişleriň "aňyrsynda" gizlenip bildirmän hem biler. Çişler aýrylansoň olar ýüze çykyp bilýändir. Ýöne howatyrlanmagyň zerurlygy ýokdur: süňküsti gatlaga uly bolmadyk gan ýygnanmalar 7-10 günüň dowamynda öz-özünden aýrylyp gidýändirler.

Wagtynda aýrylmaýan kefalogematoma gaýragoýulmasyz bejergini talap edýändir. Bejergi süňküsti gan ýygnanmalary ýörite iňňeleriň kömegi bilen aýyrma çäresini göz öňüne tutýandyr. Bir iňňe ýygnanan gany aýyrmaga niýetlenen bolsa, ikinjisi gandan boşan boşlukda täze gan akmany döredip biljek otrisatel basyşyň döremeginiň öňüni almak üçin ulanylýandyr.

Bu lukmançylyk bejergisi enelerde gorky ýagdaýyny döredip bilse-de, howply we çylşyrymly zat ýokdur. Çünki wagtynda aýrylmadyk kefalogematomanyň iriňläp ýa-da wagtyň geçmegi bilen gatap, kelläniň daşky görnüşini üýtgedip biljekdigini bilmelidir.

Deride döreýän dogrumdan söňky yzlar

Käwagtlar çaganyň boýnunyň öňünde ýa-da yzynda, başga-da dogrum wagty agram düşen başga ýerlerinde derniň çekilmegi netijesinde zolaklar ýüze çykyp biler. Deridäki yzlar ýakyn günler aýrylyp bilýändir.

Enäniň dogrum ýoly dar (dar çanaklyk, uly çaga) bolan halatlarynda çanaklyk süňkleriň basmagy netijesinde şeýle yzjagazlar çaganyň boýnunda, ýüzünde, gulajygynda, saçlarynyň aşagynda döräp bilýändir. Şeýle ýagdaýlarda dörän gan ýygnanan gyzyl tegmiller hem ilki bilen solup, çalt aýrylyp gidýändirler.

Dogrum şikeslenmeleri: umumy alamatlary we getirýän netijeleri

Eger Siziň çagaňyz dogrum wagty şikeslenme geçirip, häzir hem aşakdaky alamatlar syn edilýän bolsa, onda haýal etmän lukmana ýuz tutmak gerekdir:

► Çagany emdirme kynçylyklarynyň döremegi (haýal emýär, ýygy düwünýär), iýeninden söň köp gaýtarmagy;

► Çaga ynjalyksyz;

► Körpeje gijäniň dowamynda 5-6 gezek oýanýar, gije bilen gündizi çalyşýar;

► Çagany içege ýellenmeleri biynjalyk edýär;

► Çaganyň boýnunyň bir tarapa gyşarmagy ýa-da öwrülmegi, myşsalaryň gowşaklygy (el-aýagynyň gowşaklygy);

► Aglamaýn wagty hem bir gözünden ýaşyň akyp durmagy;

► Çaganyň kellesi bilen yza gaýyşmagy.

Eger sizi howatyrlandyrýan alamatlar döräp, olar ol diýen aýdyň ýüze çykmaýan hem bolsa, lukmanyň maslahatyny almagy gijikdirmäň. Dogrum şikeslenmeleriň netijeleri dürli-dürli bolup (psihiki ösüşiň we sözleýiş ukybynyň saklanmagy, çaga beýni ysmazy), dürli saglyk bilen bagly kynçylyklara getirip bilerler.