ÇAGA GALMAGY ÜÇIN AMATLY GÜNLER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.22 (120 Ses)

Hormatly okyjy!

Çaga galmagynyň amatly günlerini kesgitlemek üçin aýalyň aýbaşy halkasynyň dowamlylygyny bilmek möhümdir. Gelen aýbaşynyň birinji gününden indiki, garaşylýan aýbaşynyň birinji gününe çenli aralyk – bir aýbaşy halkasynyň dowamlylygyny düzýändir. Ol aralyk 21-35 güne barabar bolup biler. Barlaglaryň görkezişi ýaly, aýallaryň aýbaşy halkalarynyň aglabasy 27-28 güne deň bolup durýandyr.

Ýatgyda bir aýbaşy halkasynyň dowamynda bolup geçýän fiziologiki üýtgemeleriň bolup geçişini beýan etmän gysgaça aýdanymyzda, aýbaşy halkasynyň ortasy aýallyk öýjükleriniň emele gelip, göwreliligiň galmagy üçin oňaýly wagt bolup durýandyr. Emele gelen jyns aýal öýjüginiň 3 gije-gündiz ýaşaýanyny göz öňüne tutup, dowamlylygy 28 güne deň (halkanyň ortasy 13-14-nji gün) aýbaşy halkasy bolan aýallarda 12-nji günden 17-nji (aýbaşynyň birinji gününden sanamaly) günler aralygynyň göwreliligiň galmagy üçin amatly wagt bolup durýanyny bellemelidir. Aýbaşy halkasy 25 güne deň (ortasy 11-12-nji günler) aýallar üçin bolsa, 9-njy günden 15-nji günler aralygynyň amatly bolup durýandygyny aýtmalydyr.

Endokrin bozulmalary netijesinde aýallyk öýjükleriniň özwagtynda emele gelmegi üýtgäp, olaryň giç ýa-da asla emele gelmezligi hem mümkindir. Bu ýagdaýlar ginekolog we endokrinolog lukmanyň barlagyny we bejergisini talap edýändir. Häzirki wagtda ultrases barlagynyň kömegi bilen aýallyk jyns öýjükleriniň emele gelşini we olaryň ösüşini kesgitleýän follikulometriýa barlagy geçirilýändir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.