BAŞGA AÝAL-GYZLAR BILEN ÝAKYN GATNAŞYKLARYMY KESMEK ISLEÝÄRIN

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (8 Ses)

sorag-jogapSalam. Men ozümde duýýan rahatsyzlygymy siz bilen paýlaşmak isleýän. Yagny, men maşgalaly, çaga-çugaly bolsam-da, başga ayal-gyzlar bilen ýakyn gatnaşygymy kesip bilemok. Şu ýagdaýym sebäpli men oz geljegimi garaňkylyk içinde görýärin. Haçan hem bolsa bir gun maşgalam bilen aramyzyň bozulmagyndan gorkýaryn we çagalarymyň geljegini öz ellerim bilen ýykyp biljekdigime düşünýärin.

Men bu endikden her zat edip gutuljak boldum, yöne 1 aýdan köp saklanyp bilemok. Jynsy islegimiň artykmaçlygyndanmy ya-da nebsimiñ doymaz-dolmazlygyndanmy, haysy sebäpkär bolsa-da tapawudy yok, men şu endikden gutulmak isleýärin we sizden maslahat soraýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Siziň öz endigiňizi öz maşgala durmuşyňyz üçin dargadyjy ýagdaý hasaplap, çykalga gözleme synanşygyňyzy bu ugurda edilen birinji uly ädim hasaplap bolýar. Çünki ýetmezçiligi, meseläni boýun alma-bu ugurda gazanylmaly ýeňşiň ýarsy hasaplanyp bilner.

Ilkibada şu soraglara jogap tapmagyňyzy maslahat berýärin: Siziň öz aýalyňyza duýgyňyz barmy? Aýalyňyz bilen seksual gatnaşyklar size kanagatlanma berýärmi? Siz öz aýalyňyz bilen içgin gürrüňdeşlik, şol sanda jynsy gatnaşyklara degişli söhbetdeşlikleri açyk geçirip bilýärsiňizmi?

Eger är-aýal ýatakhanasynda bolup geçýän seksual gatnaşyklar sizi kanagatlandyrmaýan bolsa bu barada aýalyňyz bilen gürrüňdeş bolduňyzmy? Öz seksual hyýallaryňyzy aýtmadan gorkmaň. Eger siziň aýalyňyz utanjaň, seksual soraglar babatda habarsyz bolsa, näme üçin öz seksual gatnaşyklaryňyzy bezemek üçin bile "tejribeler" geçirip bolmaýar? Erkek adamlaryň arasynda, "başga aýallar bilen edip bolýan zatlary aýalyň bilen geçirip bolmaýar,ol meniň çagalarymyň enesi ahyryn" diýen düşünje ýerliksiz we köpmanyly pikirlere iterýär. Birinjiden, ol erkek adamynyň aýalyny diňe "çaga dogma" işine gatnaşyjy höküminde kabul edip, şahsyýet höküminde kabul etmeýändigini aňladýan bolsa, ikinjiden, öz tanyş başga aýal-gyzlaryny kemsidiji, äsgerilmeýän ýagdaýda goýýandygyny aňladyp biler.

Siz hatyňyzda maşgaladan daşary jynsy gatnaşyklardan diňe bir aý saklanyp bilýändigiňizi ýazýarsyňyz we onuň sebäbini jynsy islegiňiziň artykmaçlygynda görýärsiňiz. Psihologlar kä halatlarda durmuşda, işinde bellän sepgitlerine, üstünliklere ýetip bilmedik erkek adamlaryň öz içki energiýasyny tertipsiz jynsy gatnaşyklara gönükdirýändigini belleýärler. Şeýdip erkek adam seksual ýeňişleriniň we sanynyň üsti bilen adamlara öz durmuşy üstünliklerini we "başarjaňlygyny" subut etmäge çalyşýar. Siz öz meşgullanýan işiňizden kanagatlanma tapýarsyňyzmy? Sizde işden başga gyzyklanmalar (hobbi) barmy? Halaýan käriňiz bilen meşgullanma we täze üstünliklere ymtylma, gyzykly adamlar bilen tanyşlyk we söhbetdeşlik, syýahat etmek, täze bir zatlary öwrenmä ymtylma siziň pikirleriňizi we dünýägaraýşyňyzy üýtgetmäge kömek edip biler. Eger hakykatdan hem, siziň seksual islegiňiz çenden aşa bolsa, bu babatda seksopatolog lukmanynyň maslahatyny almak hem artykmaçlyk etmez.

Ýöne siz maşgaladan daşary jynsy gatnaşyklary öz "sport üstünlikleriňiz" hasaplap, buýsanýan bolsaňyz, onda bu halatda siz diňe öz-özüňize kömek edip bilersiňiz. Ençeme tertipsiz jynsy gatnaşyklar size wagtlaýyn beden lezzetliligini berse-de, bardygyça ruhy boşluga getirip, duýgularyňyzyň kütelmegine sebäp bolar.

Düşen ýagdaýyňyzyň çözgüdiniň diňe siziň Erkiňize we özüňize goýýan Hormatyňyza baglydygyna unutmaň!

Men siziň öz we maşgalaňyzyň geljegi üçin dogry çözgüt tapjagyňyza ynanýaryn.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.