WARKOSELI OPERASIÝASYZ BEJERIP BOLÝARMY?
Hormatly okyjy!
Warikoseli keseli ýumurtgajyklaryň iýmitlenmeginiň bozulmagy sebäpli onuň üýtgemegine, şeýle hem erkeklik jyns öýjükleriniň emele gelmegi üçin temperatura şertleriň üýtgemegi netijesinde önelgesizlik ýagdaýyna getirip biler.
Bu kesel diňe hirurgiki usul (operasiýa geçirme) arkaly bejerilýär. Häzirki wagtda hirurgiki operasiýalaryň dürli görnüşleri ulanylýar: warikoz giňän damary kesip aýyrmak ýa-da daňmak, endoskopiki usul, şikeslenen damara dermanlary goýberip guratmak, gan damarlarynyň täze birleşmesini döretmek.
Operatiw bejergi ýumurtgajyklarda gan aýlanşygynyň kadalaşmagyna we önelgesizlige getirýän sebäpleri aradan aýyrmaga kömek ederler.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 5367 gezek okalan