JYNS GATNAŞYGYNDAKY NÄSAZLYK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.18 (11 Ses)

Hormatly okyjy!

Döl ýumurtgajyklaryň, tohum haltajygynyň hem-de erkeklik jyns agzasynyň işläp çykarýan önümi bolup, dölüň gelmegi (eýakulýasiýa) oňurganyň ýagdaýyna hiç hili ýaramaz  täsir edip bilmeýär.

Jynsy gatnaşykdan 2-3 sagat soň biliňizde agyrynyň döremegi erkeklik jyns agzasynyň dowamly sowuklamasy, böwrekleriň sowuklamasy, oňurga zeperlenmeleri (radikulit, oňurgara diskleriň süýşmegi we başgalar) bilen bagly alamat bolup biler. Eger bu alamat Sizi ýygy-ýygy biynjalyk edýän bolsa, urolog hem-de newropatolog  lukmanlarynyň maslahatyny almak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.