GÖWRELILIKDEN GORANMAGYŇ OŇAÝSYZ USULY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.73 (70 Ses)

Hormatly okyjy!

Göwrelilikden goranmagyň bu usulynyň islenen wagty çaga galmagyna bökdençlik döretmejekdigini belläsim gelýär. Ýöne jynsy gatnaşyklaryň başynda (ujyt jynshanadaka) ujytdan bölünip çykýan jyns mäziniň suwuklygynda hem spermatozoidleriň bardygyny we olaryň göwrelilige getirip biljekdigini aýtmalydyr. Bu hem bu goranma usulynyň az netijeli tarapy bolup durýandyr.

Ondan başga hem, dölüň bölünip çykmagyny gözegçilikde saklama ýagdaýy erkek adamyň nerw ulgamyny dartgynlykda saklap, ol jynsy gatnaşyklardan doly lezzetlilik we gowşama duýgusyny alyp bilmeýär. Dölüň aýal tarapdan "kabul edilmezligi" bolsa, ony onuň düzümindäki gormonlardan, prostaglandin biologiki işjeň maddalardan, witaminlerden mahrum edýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.