NÄME ÜÇIN ŞEÝLE BOLÝAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.58 (53 Ses)

Hormatly okyjy!

Elbetde, fizikanyň kanunyna laýyklykda, jyns ýoluna göýberilen dölüň bir bölegi yzyna gaýdyp biler. Ýöne aýal jyns agzalaryna düşen döl goýalyp, onuň tohumlanma üçin ýeterlik bölegi galýandyr we bu ýagdaý önelgesizligiň sebäbi hasaplanmaýar.

Jynsy gatnaşykdan soň tohum suwuklygynyň akmagyny azaltmak üçin aýal maşgala jynsy gatnaşygy ýanbaşyň aşagyna kiçijik ýassyjak goýup geçirme, jynsy gatnaşykdan soň 10-20 min. turman ýatma ýa-da ondan soň aýaklaryňy dik ýokary galdyryp ýatma çärelerini geçirmegi maslahat berip bolýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.