JYNSY GATNAŞYKDA DÖREÝÄN OŇAÝSYZLYK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.49 (49 Ses)

Hormatly okyjy!

Aslynda jynshana 7-9 sm uzynlykda bolup, jynsy gatnaşyk wagty ol 15-16 sm çenli uzalyp bilýändir, giňligine bolsa ol 9-10 sm çenli giňemäge ukyplydyr. Jynshananyň uzalmaga we giňelmäge hem bolan ukyby dürli uzynlykdaky ujydy kabul etmäge mümkinçilik berýändir. Jynshananyň şeýle anatomiki aýratynlygy erkek we aýal jyns agzalarynyň ululygynyň deň gelmeýändigi baradaky düşünjäni aradan aýyrmaga kömek edýär.

Şeýle ýagdaýlarda jynsy gatnaşykda ikiňiz üçin hem oňaýly pozany saýlap almak, ujydyň jynshana girmesini çäklendirmek (ony doly salmazlyk) gatnaşyklaryň agyrsyz geçmegini üpjün edip biler. Ondan başga-da, girelgesi ýokarrak ýerleşýän jynshana girmek hem agyryly bolup, gatnaşyklarda emaý bilen çemeleşme, oňaýly pozany saýlama agyrylaryň döremeginiň öňüni alyp biler.

Şeýle hem, jynsy gatnaşyklaryň agyryly geçmegi aýal jyns agzalaryň sowuklama keselinde, çanaklyk agzalaryň sepleşme keselinde, endometriozda, uly mioma düwünlerinde, peşew haltanyň sowuklama keselinde syn edilip bilinýändir.

Dörän kynçylygyň sebäbini anyklamak we anyk maslahat almak üçin lukmana ýüz tutmak peýdaly bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.