LUBRIKANTLARY NÄMELER BILEN ÇALŞYP BOLAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Lubrikant soragy

 "Salam Lukman. Türkmenistanda lubrikantlaryň (смазкa) giňden ýaýramandygy üçin jynsy gatnaşykda näme ulanylsa zyýansyz we ýerini tutyjy bolup biler? Mysal üçin, zeýtun ýagy ýa-da wazelin. Kömegiňiz üçin sag boluň! Işiňizde üstünlik!"

Saýtyň okyjysy.

*********

Hormatly okyjy!

Lubrikantlaryň ýörite maksatlar üçin ulanylyp, özüne mahsus düzüminiň bolýandygy sebäpli ony başga bir zatlar bilen çalyşmak oňaýsyzlyk döredip biler. Zeýtun ýa-da islendik başga ýaglaryň, şol sanda wazeliniň hem ulanylmagy jynshananyň turşylygyny (kislotnost) ýokarlandyryp, onuň gyjyndyrylmagynyň sebäbi bolup biler. Şonuň bilen birlikde kömelekli ýokanjynyň hem döremegi üçin ýaramly şertler döräp bilýändir. Onsoň hem, lateksli prezerwatiwleriň hem ýag bilen galtaşykda ýyrtylýandygyny ýatda saklamalydyr. Eger wazelin, zeýtun ýagyny ulanýan bolsaňyz, göwreliligiň galmazlygy üçin hökman lateks däl prezerwatiwleri ulanyň.

Jübütleriň ençemesi lubrikantlaryň ýerine eller üçin niýetlenen kremleri ýa-da suwuk sabyny ulanmaga ýykgyn bolýarlar. Ýöne el üçin kremiň täsiri hem edil ýaglara meňzeş bolup, üstesine hem allergiki täsirliligi döredip biler. Suwuk sabyn bolsa jynshananyň nemli gatlagyny gyjyndyryp biler we onuň peýdaly mikroflorasyny üýtgeder.

Lubrikantlar el ýüzünde bolmadyk wagtynda ýüz üçin niýetlenen çyglandyryjy gelleriň ulanylmagyny maslahat berýärler. Ýöne bu ýagdaýda hem allergiki täsirlilikden ägä bolmagy unutmaly däldir.

Ondan başga-da, sanalyp geçilen hemme serişdeleriň prezerwatiwleriň bütewliligine ýaramaz täsirini ýetirýändigini bellemelidir. Şonuň ýaly-da, olar jynsy gatnaşygy arkaly geçýän kesellerden goramaýar.

Görşümiz ýaly, diňe lubrikantlaryň özüniň ulanylmagy saglyk üçin zyýansyz bolup, seksual gatnaşyklaryň hilini ýokarlandyrmaga kömek edip biler.

Türkmenistanda lubrikantlary siz hususy dermanhanalardan tapyp bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

GOŞMAÇA MAGLUMAT:

Lubrikant we bol söhbetdeşlik: aýbaşy bilen hoşlaşyp, täze seksual durmuşa gadam basmak

Lubrikant we bol söhbetdeşlik: aýbaşy bilen hoşlaşyp, täze seksual durmuşa gadam basmak

Pynhan gatnaşyklar barada okyjydan gelen pikirler

Prezerwatiwi nähili ulanmaly?

Erkek prezerwatiwleri baradaky faktlar we toslamalar

Ýoldaşyňy prezerwatiw ulanmaga höweslendirjek deliller

Prezerwatiw: saglygyň barada alada