AÝRALYK WE JYNSY GATNAŞYKLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (7 Ses)

"Men toý edenimden soň, aýalymy goýup daş aralyga işlemäge gaýtmaly boldum? Aýalym bilen bile bolmaga islegim bolsa hem, mümkinçilik ýok. Şeýle ýagdaýda näme maslahat berip bilersiňiz?"

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Dogrudan hem, uzakmöhletleýin işlemäge gidilýän halatlarynda maşgala jübütleriniň arasynda jynsy gatnaşygy geçirmek mümkinçiligi aradan aýrylýar. Biri-biriňi küýseme, emele gelen jynsy höwesi güýjeýän bolsa-da, halaýan taýyň ýakynda bolmazlygy bu düýgulary puja çykarýar. Jynsy saklanma adamlar üçin hupbatly bolup, köplenç jynsy gatnaşyklary gapdalda, başga aýal ýa-da erkek bilen geçirmäge iterýär. Şeýlelikde, aýalyňa (ýa-da ýoldaşyňa) ikilik etme başlanýar, özara duýgular we dörän emosional ysnyşyk her gezekden "çat açyp" ugraýar.

Islendik jemgyýetiň jynsy gatnaşyklarynyň ýazylmadyk we agzalmaýan kadalary sosial we medeni normalar bilen kesgitlenilýär. Olar tapawutly bolýar. Meselem, biziň jemgyýetimizde giňden dörän nädogry we zyýanly düşünje bar: erkek adama uzakwagtlaýyn jynsy gatnaşykda bolmazlyk aýal adamdan has agyr degýär. Ýöne biziň ählimiz jynsy gatnaşyklary gapdalda, başga erkek bilen geçirýän aýallaryň bardygy barada eşidýäris hem bilýäris. Bellemeli zat, aýal we erkegiň seksuallygynyň arasynda tapawut bar bolsa hem bu tapawutlylygy (erkegiňki has güýçli isleg) umumylaşdyrmak nädogrydyr. Erkek we aýal biri-birini deň derejede küýseýär.

Siz aýalyňyzyň siz bilen aýralyga döz gelşi barada pikirlendiňizmi? Edil sizde döreýşi ýaly, onda hem jynsy höwes, size bolan ymtylma ýüze çykyp, soňundan kanagatlansyzma syrygyp biler. Siz aýalyňyzyň bu meselä garaýşy barada gyzyklanyp gördüňizmi?

Ýöne aýalyňyz bilen özara düýgularyňyz hakyky we güýçli bolsa, aýralyk wagty hem bu soragyň çözgüdini tapyp bolýar. Ol esasan siziň islegiňize, alan terbiýäňize, gymmatlyklaryňyza we endikleriňize baglydyr.

↪ Telefon arkaly seksual kanagatlanma alma – seksologlar tarapyndan öňden maslahat berilýän usul bolsa-da, biz üçin täze we geň, çylşyrymly bolup kabul edilýär. Telefon arkaly kanagatlanma almak üçin özara utanmak, çekinmek duýgulary aradan aýrylmalydyr. Telefon arkaly siz bile bolan wagtyňyzdaky jynsy gatnaşyklary – ony başlaýşyňyzy, egin-eşikleri emaý bilen çykarşyňyzy, biri-biriňizi öpüp ýa-da sypalap oýandyrşyňyzy, kanagatlanma ýetmek üçin edýän hereketleriňizi gyssanman, näz we duýgy bilen suratlandyrmaly bolarsyňyz. Belki, ilkibada isleýşiňiz ýaly doly kanagatlanma bolmaz, ýöne öz seksual islegleriňizi telefon arkaly (biri-biriňizi görmezden) utanman äşgär etmegiňiz, biri-biriňizi we pynhan arzuwlaryňyzy daşdan öwrenmäge mümkinçilik berer. Synanşyp görüň!

↪ Web-kamera arkaly seksual kanagatlanma almak – biziň tehniki ösüş döwrümizde adaty bolup görünýär. Häzir her smartfon arkaly wideogatnaşygyny amala aşyryp bolýandygyny bilýänsiňiz. Siz diňe bir aýalyňyzy eşitmän, onuň bedenini, size gönükdirilen näz-kereşmeli hereketlerini görüp, seksual kanagatlanma ýetip bilersiňiz.

↪ Seks-oyunjaklar – seksual kanagatlanma almaga kömek edýän, ýörite ýasalan gurjaklar, aýallar üçin öndürilýän wibratorlar hem aýralykda jynsy höwesi kanagatlandyrmaga kömek edip bilerler. Bu önümleri ýörite dükanlardan tapyp bolýar.

Masturbasiýa – eger ýokarda aýdylşy ýaly, daş aralykdan seksual kanagatlanma ýetmek başartmaýan bolsa, onda masturbasiýa arkaly seksual dartgynlylygyňyzy aýryp bilersiňiz. Öz bedeniňdäki düýgur (erogen) nokatlary oýandyryp, seksual kanagatlanma ýetmek seksologlar tarapyndan erkek we aýal saglygy üçin peýdaly hasaplanýar.

Eger bellenilen usullaryň hiçisini hem siz özüňiz üçin oňaýly hasaplamaýan bolsaňyz, onda aýalyňyz bilen bu mesele barada açyk gepleşiň. Belki-de, ol belli bir aýalyň seksual hyzmatyndan peýdalanmagyňyz üçin size öz rugsadyny berer. Bu ýagdaýda, bilmeýän aýalyňyz bilen jynsy gatnaşygy geçirip, siz jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleriň ýokuşyp, islenilmedik göwreliligiň döräp biljekdiginden habarly bolmalysyňyz. Galyberse-de, tertipsiz, dürli jynsy ýoldaş bilen geçirilýan gatnaşyklaryň siziň aýalyňyz bilen emosional ysnyşygyňyzy gowşatjakdygyny bilmelisiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.