JYNSY GATNAŞYKLARYŇ ÝYGYLYGY NÄHILI BOLMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.19 (27 Ses)

 

Hormatly okyjy!

Jynsy gatnaşyklaryň kadalygyna ýa-da uzak arakesmeden soň bolýanlygyna garamazdan, erkek adam üçin hem, aýal üçin hem belli bir gatnaşyklarynyň ýygylygy lukmançylyk jähtinden bellenilmeýär.

Jynsy gatnaşyklaryň ýygylygy beden saglygyna, onuň fiziologiki we psihologiki aýratynlyklaryna, jynsy höwese, aýalyňyza (ýa-da adamyňyza) bolan duýgularyňyza baglydyr.

Bir adam üçin jynsy gatnaşygy her gün geçirmek (günde 2-3 gezek hem) zerur bolsa, başga birinde hepdede 2-3 sapar, üçünji bir adamda bolsa aýda 3-4 gezek isleg döräp biler.

Jynsy gatnaşyklaryň nähili ýygylykda geçirilýändigine garamazdan, esasy zat ol iki tarapda hem kanagatlanma, hoşallyk döretmelidir.

Hormat bilen saýtyň lukmany.