JYNSY GOWŞAKLYGY NIREDE BEJERDIP BOLÝAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (15 Ses)

Hormatly okyjymyz!

Siziň gürrüňizden seljerme geçirseň dostuňyzda ereksiýanyň (ujydyň gönelmegi) bozulma ýagdaýy ýüze çykypdyr. Ujydyň gönelip bilmezlik ýagdaýy dürli sebäplere görä (jyns agzalaryň sowuklamagy, ujydyň gan aýlanşygynyň bozulmagy, stress ýagdaýy, geçiren beden keselleri we operasiýalar) döräp biler.

Dostuňyza anyklaýyş çärelerini geçirip, degerli bejergini almak hökmandyr.

Maslahat we bejergi almak üçin şäherde ýerleşýän Eneler we çagalar saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň "Nika we maşgala" bölüminiň androlog-seksopatolog lukmanlaryna ýüz tutup bilersiňiz.

Şeýle-de, ýüze çykan kynçylyk babatda gerekli maglumatlary saýtymyzda ýerleşdirilen "Jynsy gowşaklyk" atly makaladan okap bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.