JYNS GATNAŞYGY HÖWESLENDIRER ÝALY DERMAN BARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.18 (196 Ses)

Hormatly okyjy!

Öz ýokary seksual işjeňligiňizi peseltmegiňiziň geregi ýokmyka diýýärin. Öýlenmedik, ýaş erkek adam üçin bu kadaly ýagdaýdyr. Seksual işjeňligiňizi peselder ýaly serişdeleri ulanmak, soňundan düýpli näsazlyklara getirip biler. Öz halaýan zenanyňyzda jynsy gatnaşyga bolan islegi diňe Siziň özüňiz döredip bilersiňiz.

Siziň ünsli garaýşyňyz, mylaýym gatnaşygyňyz, söýgüden doly sözler, hyjuwdan doly posalar we sypalamalar, bedeniň erogen nokatlaryny gyjyndyrma zenany seksual islegiň ýokary derejesine ýetirip biler.

Seksual islegi döredýän serişdeler hökmünde ýohimbe agajyndan taýynlanan gerdejikleri, jerebaý otuny, ginko biloba ösümliginden taýynlanan serişdäni, ženžen, ýabany ýams otundan taýynlanan dermanlary belläp bolar.

Bu serişdeler aýallara hem, erkeklere hem deň derejede täsir edýändir. Bedende belogyň, fosfor, sink, kalsiý, witamin A, B1 we E elementleriň ýetmezçiliginiň seksual islegi peseldip biljekdigini aýtmalydyr.

Öz zenanyňyza dogry "açary" tapmak üçin, Size saýtymyzda ýerleşdirilen "Aýal we erkek seksuallygynyň aýratynlyklary" atly makala bilen tanyşmak peýdaly bolardy.

Hormat bilen, Lukman.