JYNSY ISLEG-ARZUWLAR WE AHLAK TERBIÝESI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (43 Ses)

Hormatly okyjy!

Jynsy gatnaşyklary we ahlak meseleleri baradaky açyk pikir ýöretmeleriňiz bilen tanyşmak biziň üçin örän gyzykly boldy. Biz saýtymyzda sorag-jogap bukjasyny açan döwrümizde jynsy gatnaşyklar we bedeniň jyns agzalary barada berilýän soraglary edebi dilde beýan etmek olaryň üstünde biraz işlemeli bolýardyk. Beýle diýmek bilen okyjylarymyz sowatsyz diýmekçi bolamzok. Ýöne türkmençilikde bu mowzukdan aç-acan gürrüň etmek aýyp hasaplanansoň, ýaşlarymyz jynsy gatnaşyklaryny beýan etmek üçin edebi sözleriň bardygyndan hem biraz bihabar ekenler. Şonuň ücin-de, Siziň öz soragyňyzy edebi dilde beýan edip, edepli pikir alyşmaga bolan islegiňiz ýaşlarymyzyň jynsy gatnaşyklary babatda sagdyn düşünjeli bolmaga ymtylýandygyndan habar berýär.

Dogrudan hem, häzirki zaman gatnaşyk we habar beriş serişdeleri jynsy gatnaşyklary barada doly maglumaty (erotiki we pornofilmler görnüşde) almaga mümkinçilik döretdi. Eýsem oňa garşy göreşmek gerekmika? Eger gerek bolsa, onda nädip?!

Siziň belleýşiňiz ýaly, islendik gadagan edilmeler adamda öňküden hem beter gyzyklanmalar döredip, ony kanagatlandyrmak üçin dürli ýollary (dogry we dogry däl) gözlemäge mejbur edýär. Esasy zat, jynsy gatnaşyklarynyň fiziologiýasy, onuň dürli aýratynlyklary, ulanylýan howpsuzlyk serişdeleri baradaky maglumaty özwagtynda we dogry adamlara (esasy hem ýaş adamlara) ýetirmekdir.

Ol gatnaşyklaryň söýgi diýen duýgunyň dowamaty bolup durýanlygyny nygtamak has hem wajypdyr.

Bu çäreleri ýaşlar bilen kim geçirmeli? Ene-atalar, ýetginjegiň sylaýan uly ýaşly garyndaşy, terbiýeçiler, mugallymlar, lukmanlar, sosial gullugynyň işgärleri, habar beriş serişdeleri... Jynsy terbiýe bir günüň işi däl-de, uly jogapkärçilikli we hysyrdyly zähmetdir.

Jynsy gatnaşyklara we onuň adaty, adaty däl görnüşlerine bolan islegi diňe jübütleriň özi kesgitläp biler. Esasy zat ol gatnaşyklar iki tarap üçin hem ýaramly, lezzetli we howpsuz bolmalydyr.

Lukmanlar diňe lukmançylyk jähtinden ýüze çykyp biljek kynçylyklary çözüp we maslahat berip bilerler. Meselem, jynsy gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň we islenilmedik göwreliligiň öňüni almak, adaty däl jynsy gatnaşykda içege şikeslenmeleriniň öňüni almak babatda maslahat bermek, lýumbrikantlar (nemlendirijiler) barada maglumat bermek we ş. m.

Jynsy gatnaşyklaryň görnüşi, ýygylygy jübütleriň terbiýesine, häsiýetine, fiziologiki aýratynlygyna, ýaşyna, dini garaýşyna, erotiki fantaziýalaryna baglylykda saýlanyp alynýandyr.

Ine, lukmançylyk jähtinden biz Size gysgaça jogap berdik. Jogabamyzyň Sizi kanagatlandyrmazlygy hem mümkin. Ýöne Siziň bu soragyňyz diňe biz lukmanlara däl, eýsem okyjylarymyza hem degişli diýip hasaplaýarys. Şonuň üçin-de, saýtymyzyň okyjylary hem bu gürrüňimize goşulyp, öz pikirlerini beýan ederler diýen umydymyz bar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.