ERKEK ÖZ UJYDYNYŇ AÝAL TARAPYNDAN DÜRLI USULDA GYJYNDYRYLMAGYNY ISLEÝÄRMIKÄ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.70 (260 Ses)

Hormatly okyjy!

Erkeklik jyns agzalaryny dodak, dil bilen gyjyndyrma (lukmançylykda bu ýagdaý "fellasiýa" diýip atlandyrylýar) jynsy gatnaşyklaryň öňündäki taýynlaýjy çäreler hökmünde ulanylyp bilner. Şeýle hem, bu olara hereketler birmeňzeş geçýän jynsy gatnaşyklarda täzelik, lezzetlilik, başga tanyş bolmadyk duýgulary başdan geçirmäge kömek edip biler. Şahsy arassaçylyk düzgünleri berjaý edilip geçirilen, jynsy agzalary olara gyjyndyrma hereketleri kadadan çykma ahwalat däldir. Bu ýerde esasy zat – jübütleriň özara islegi we düşünişmegidir. Islendik adam gatnaşyklarynda bolşy ýaly, jynsy gatnaşyklary hem taraplaryň terbiýesine, gylyk häsiýetine, dini garaýyşlaryna, uýýan umumy ýaşaýyş düzgünlerine, jynsy isleglerine baglylykda alnyp barylýandyr.

Eger Siz häzir gatnaşyklarda şeýle hereketlere taýyn bolmasaňyz öz halaýan adamyňyza sebäbini düşündiriň. Açyk söhbetdeşlikden gaçmaň. Beýle herekete Siziň häzir taýyn däldigiňizi, onuň üçin belli bir wagtyň we psihologiki taýynlygyň möhümdigini aýdyň. Eger ol Sizi halaýan we onuň üçin Siziň içki psihologiki asudalygyňyzy saklama möhüm bolsa, ol Size düşüner. Size kömek eder. Bu ugurda utanman, ýuwaş-ýuwaş öz ukybyňyzy, fantaziýaňyzy ulanyň. Özara duýgular, isleg bilen geçirilýän jynsy gatnaşyklarda özara kanagatlanma getirip biljek islendik hereketler kadaly hasaplanyp bilner.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.{KomentoDisable}