KEÝP ALMAK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.50 (147 Ses)

Hormatly okyjy!

Aýalyň keýp alma ýagdaýynyň doly ýerine ýetirilmegi üçin birnäçe şertleriň bolmagy möhümdir:

♦ aýal seksuallygynyň doly emele gelmegi hem-de jynsy gatnaşyklary alyp barmakda belli bir tejribäniň toplanmagy;

♦ aýal bilen erkegiň arasynda psihologiki (söýgi, biri-biriňi hormatlama, düşünme) ysnyşygyň bolmagy;

♦ erkek tarapdan jynsy ýanaşmanyň hemme tapgyrlarynyň (öňünden taýynlaýjy. ereksiýa, eýakulýasiýa) doly geçirilmegi;

♦ bedende erogen nokatlaryň ulanylşyna üns bermek. Köp  aýallarda iň uly erogen nokat kinnik (klitor) bolsa, köp aýallar jynshananyň gyjyndyrylmagyndan uly kanagatlanma tapýandyr.

Jynsy gatnaşyklarda ýüze çykan kynçylyk babatda adamyňyz bilen pikir alyşmadan çekinmäň. Bu pikir alyşmalar, biri-biriňizi öwrenmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ýene bir möwrüdini düzer. Adamyňyza Siz babatda hemişe ünsli bolup, täze gözlegde bolmaga itergi berer. Eger bu kynçylykdan özbaşdak çykalga tapyp bilmedik halatyňyzda, seksopatolog lukmanyna maslahat üçin ýüzlenme peýdaly bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.