JYNS GATNAŞYGY EDILMEZDEN BOLÝAN EROZIÝA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.58 (31 Ses)

Hormatly okyjy!

Jynsy gatnaşygy başlamazdan gönelen (ereksiýa ýagdaýyna ýetirilen) ujytdan dölüň gelmegi (eýakulýasiýa ýagdaýy) onuň wagtyndan öň gelmegini aňladyp, bu bozulma jynsy agzalaryň dürli kesellerinde (meselem, prostatit), uzaga çekýän stress ýagdaýlarynda, jynsy gatnaşyklarda döreýän psihologiki dartgynlylyklarda döräp biler. Bu ýagdaýyň kadaly gaýtalanyp durýan halatynda, bozulmanyň sebäbini anyklamak üçin  androlog lukmanynyň maslahatyny alma peýdaly bolar. Dörän mesele babatda doly maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Jynsy gatnaşygy "ajadýan" ýene bir sebäp" atly makalany okamagy maslahat berýäris.

Hormat bilen saýtyň lukmany.