SARYGETIRME KESELI NESILDEN NESLE GEÇÝÄRMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Gepatit keseli (esasan hem wirusly gepatitleriň B, C, D, G görnüşleri) bu kesel bilen näsaglan enelerden çagasyna geçip biler. Bu keseliň alamatlary ýaňy doglan çagalaryň birinji üç aýynda ýüze çyksa, dogabitdi gepatit diýip kesgitleýärler. Ony kesgitlemek üçin enäniň kesel taryhyny öwrenmek, çaganyň ganynyň biohimiki derňewini, ganyň we peşewiň umumy barlagyny geçirmek, gany gepatitiň wiruslaryna polimerara-zynjyrly reaksiýa we immunoferment barlaglary bilen barlamak zerurdyr.

Dogabitdi gepatitiň kliniki agyr görnüşleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin, oňa garşy dogrum öýlerinde edilip başlanýan sanjymlaryň kömegi hem uludyr. Dogabitdi gepatitiň öňüni almak üçin aýal göwreliligi meýilleşdirmezden öň, doly barlagdan geçip, bejergi tapgyryny almalydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.