EHINOKOKKOZ OPERASIÝASYNDAN SOŇ NÄHILI BEJERGI GEÇIRMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (7 Ses)

EHINOKOKK   KESELI:   ALAMATLARY   WE   ÖŇÜNI   ALYŞ ÇÄRELERI

Ehinokokkoz – dowamly geçýän gurçuklama (gelmintoz) keseli bolup, bagryň, seýrek ýagdaýlarda öýkeniň we başga agzalaryň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýändir.

Keseli ösüşiň liçinka tapgyrynda bolan Echinococcoz granulozis döredip, ol adamyň bedeninde şol görnüşde onlarça ýyllar ösüp we ýaşap bilýändir. Öz görnüşi boýunça ol içi suwuklykdan doly togalak görnüşli düwme (kista) görnüşinde bolýar. Bu gurçugyň kämil görnüşi 2-7 mm uzynlykda bolup, ol dürli haýwanlaryň inçe içegesinde ýaşaýandyr.

Epidemiologiýasy

Esasy ýokuşma çeşmesi näsag haýwanlardyr. Haýwanlaryň täreti bilen ýumurtgajyklar topraga düşüp, ol ýerden ot iýiji haýwanlara ýokuşyp bilerler.

Adam bedenine ehinokokkyň ýumurtgalary gök önümleriň üsti bilen ýa-da itler ellenilenden soň, hapa elleriň üsti bilen düşüp biler.

Adamyň içegesinde liçinka ýumurtga örtüginden aýrylyp, gan akymy bilen dürli agzalara düşüp, şol ýerde ehinikokk düwmesi tapgyryna çenli ösýändir.

Itler we başga ýabany haýwanlar ot iýiji haýwanlary iýip keselleýändirler.

Edebiýatda ehinokokk bilen adamynyň howa arkaly we itleriň dişlemesinden soň hem kesellemeginiň ýüze çykýanlygy barada maglumatlar bardyr.

Ehinokokk keseli dünýäniň hemme ýerinde ýaýrap, ol esasan Awstraliýada, Siriýada, Ispaniýada, Mongoliýada, Balkan ýurtlarynda, Russiýanyň günorta-gündogar böleginde, Orta Aziýa döwletlerinde, Gazagystanda köp düş gelýändir.

Bu kesel esasan maldarçylyk bilen meşgullanýan we itleri saklaýan adamlarda has ýygy duş gelýär.

Keseliň alamatlary

Gaýraüzülmesiz geçýän ehinokokk keseli uzak wagt hiç hili alamatsyz dowam edip bilýändir.

Alamatlaryň ýüze çykyş derejesi gurçugyň ýerleşýän ýerine bagly bolup durýar. Ehinokokk keseli bedeniň allergiki täsirliligini ýokarlandyryp, deride gijilewügiň döremegi, dermatit, allergiki (anafilaktiki) şok ýaly ýagdaýlara getirýändir.

Bagryň ehinokokkozy – has ýygy duş gelýän görnüşi (50-70% ýagdaýlarda) bolup, içegeden gan akymynyň üsti bilen düşýändir. Ehinokokk kistalary ösüp, bagryň dokumasyna, öt çykaryş ýollaryna ýa-da garyn boşlugyna düşüp bilýändirler.

Kistalar bagryň sag böleginde ýerleşip, sag gapyrgasty we sepirjik böleklerinde agyrlyk we agyry ýaly alamatlary ýüze çykarýar.

Kistanyň iriňlemegi bagryň abssesiniň (iriň ýygnanma) alamatlaryny döredýär. Iriňli ýygnanmanyň ýaýramagy iriňli plewridi ýa-da peritoniti döredip, dürli allergiki täsirliligi, şol sanda anafilaktiki şok ýagdaýyna hem getirip bilýändir.

Öýkeniň ehinokokkozy – keseliň 20-30% ýagdaýlarynda duş gelip, kistanyň emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýändir. Kistanyň ösmegi we ýanyndaky dokumalary basmagy sebäpli, gursakda agyry, gakylykly, käwagt ganly gakylykly üsgülewük döräp biler.

Uly kistalar döş kapasasynyň görnüşini üýtgedip, gapyrgara ýerleriň öňe çykmagyna sebäp bolup bilýändir.

Öýkendäki kista öýken sowuklamasyna, gury ýa-da ekssudatiw plewritiň döremegine, kistanyň iriňläp bronhlara ýa-da plewral (döş kapasasyny çäklendirýän) boşlugyna akmagyna getirip biler.

Kistanyň bronhlaryň içine ýarylmagy tutgaý görnüşli üsgülewüge, howa ýetmezçilige getirse, onuň plewra boşlugyna ýarylmagy döşde ýiti agyrynyň, üşütmäniň döremegine, bedeniň gyzgynynyň galmagyna, käwagtlar anafilaktiki şogy döredip biler.

Beýniniň ehinokokkozy – seýrek duş gelýän görnüşi bolup, beýnä düşen gurçugyň daşyny gurşap alýan birleşdiriji dokumadan ybarat barda döreýändir we onuň daşynda ýumşama we gan ýygnanma ojaklary döräp bilýär.

Ehinokokk keseliniň bu görnüşi kellegyrylar, baş aýlanma, gaýtarma, garaguş keseline meňzeş tutgaýlaryň döremegi bilen ýüze çykyp biler.

Alamatlar beýnide ehinokokkyň ýerleşýän ýerine görä üýtgäp biler. Ýüze çykýan tutgaýlar, soňundan el-aýagyň duýujylygynyň peselmegine getirip bilýändir.

Näsagda samrama, kem akyllylyk, sebäpsiz gamgynlylyk ýagdaýlary ýaly ruhy bozulmalar hem ýüze çykyp biler.

Beýniniň ehinokokkozyny onuň täze howply döremelerinden aýyl-saýyl etmek zerurdyr.

Beýnidäki ehinokokk düwmeler wagtynda aýrylmasa, ýüze çykan tutgaýlaryň gaýraüzülmelerinden we newrologiki bozulmalardan adamda ölüm ýagdaýy hem bolup bilýändir.

Öt çykaryş ýollarynyň ehinokokkozy – köplenç öt haltanyň ehinokokkozy duş gelip, kistanyň öt çykaryş ýollaryna ýarylmagy bagyr sanjysy, ýürek bulanma, gaýtarma, täretiň üýtgemegi, gyzdyrma, sarylama alamatlary bilen ýüze çykýandyr.

Käwagtlar öt çykaryş ýollarynyň dykylmagy, olarda we öt haltada sowuklama ýagdaýlarynyň  döremegi, bagyrda köpsanly zeperlenme ojaklarynyň döremegi agyr ýagdaýlara getirip biler.

Bejergi operatiw ýoly bilen amala aşyrlyp, ehinokokk kistasyny aýryp, iriňli boşlugy arassalamaga, ödüň kadaly akyşyny dikeltmäge gönükdirilen bolmalydyr.

Köplenç öt haltanyň şikeslenmelerinde ony tutuş aýyrmak möhüm bolup durýandyr. Näsagyň ýagdaýy  mümkinçilik berýän bolsa, bagryň kistalaryny hem aýyrmaga ýa-da ony arassalap, drenaž goýmaga ymtylýarlar.

Süňkleriň ehinokokkozy – gaty seýrek duş gelip, esasan gurçuk süňk ýiliginde ösýär we süňküň eroziýalaryna hem-de döwülmelerine getirip biler.

Böwrekleriň ehinokokkozy – ehinokokk kistalary esasan böwregiň gabyk bardasynda ösüp, köplenç çep böwrek zeperlenýändir.

Böwrekleriň öz ýerinden üýtgemegi, onuň içki gurluşynyň üýtgemegi bolup biler. Bedeniň zäherlenmesiniň hemme alamatlary döräp, kistanyň ösmegi bilde, gapyrgasty ýerde  agyryny, böwrek sanjysyny, gyzgynyň galmagy ýüze çykyp biler. Peşew bile ehinokokk gabarçaklaryň çykmagy agyrylara, peşewiň saklanmagyna getirip bilýändir.

Ýüregiň ehinokokkozy – keselçiligiň 0,2-2% ýagdaýlaryny düzüp, köplenç çep mädejigiň miokardy has ýygy zeperlenýändir.

Seýrek ýagdaýlarda gurçukly kistalar sag mädejikde, alyn ýüreklerde, perikardda ýerleşip bilýändir.

Kistalar miokardda haýal ösüp, olaryň ösüş döwri 1-5 ýyl aralygy öz içine alýandyr.

Kistalaryň ýürek damarlaryny basmagy sebäpli onda gan aýlanşygynyň ýetmezçiligi, infarktlar, ýürek ýetmezçiligi döräp biler.

Kesel ýürek urmalaryň dürli bozulmalary bilen hem häsiýetlenip bilýändir.

Çep mädejikde ýerleşýän ehinokokk kistalaryň ýarylmagy, ýürek arteriýalarynyň dykylmagyna sebäp bolsa, ýüregiň sag tarapyndaky kistalar üsgülewük, agyrylar, gan gatyşykly gakylygyň bolmagy bilen häsiýetlenýän öýken arteriýasynyň dykylmagyna getirip biler.

Dalagyň ehinokokkozy – köp sanly kistalaryň dalagyň dürli ýerinde ýerleşmegi bilen häsiýetlenip, onuň ulalmagy we gatamagy bolup biler.

Ehinokokk düwmejigiň ýarylmagy we garyn boşlugyna ýaýramagy ýüze çykyp bilýändir.

Oňurga ýiliginiň ehinokokkozy – ehinokokk kistalary ulalyp, oňurga ýiligine basyşlara, hereketliligiň we duýujylygyň bozulmalaryna getirip biler.

Oňurga ýiliginiň şikeslenmesi el-aýaklarda agyrylara, döşde ýüze çykýan gurşaýjy agyrylara getirip, ysmaz ýagdaýynyň ýüze çykmagyny döredip bilýändir.                                                                                 Bu keselde oňurga sütüniniň hereketiniň çäklendirilmegi, onuň görnüşiniň üýtgemegi (yza ýa-da birden yza we gapdala gyşarmagy) bolýandyr.

Anyklaýyş çäreleri

Häzirki wagtda ehinokokk keselini anyklamak üçin immunologiki usullar, köplenç immunoferment barlagy geçirmek giňden ulanylýar.

Deri allergiki barlaglaryny (Kassoniniň reaksiýasyny) geçirmek hem öz ähmiýetini ýitiren däldir.

Ehinokokk ojaklaryny bedende anyklamak üçin ultrases barlagy, kompýuter tomografiýasy, rentgen barlagy, laparoskopiýa giňden ulanylýar.

Barlag laparoskopiýasy köplenç bejerginiň birinji tapgyry hökmünde ulanylýar.

Anyklaýyş çärelerini geçirmek üçin, kistanyň deşilmegine (punktirleme) ýol bermeli däldir, çünki onda kistanyň ýarylmagy we gurçugyň liçinkalarynyň ýaýramagy bolup biler.

Keseliň bejergisi

Keseliň bejergisi hirurgiki ýol bilen amala aşyrylyp, ulanylýan usullaryň iki görnüşi bardyr:

  1. Ehinokokkektomiýa – ehinokokk kistany doly aýyrmaga gönükdirilen usul;
  2. Kistany açyp, hemme suwuklygy we liçinkalary aýyrlandan soň, emele gelen boşlugy doly tikmek usulydyr.

Operasiýadan soňky döwürde lukmanyň kadaly gözegçiliginde bolup, laborator barlaglary geçmek, umumy gurplandyryjy çäreleri geçirmek zerurdyr. Bu çäreler zeperlenen agzanyň ýagdaýyna görä geçirilip, her näsag üçin özbaşdak bellenmelidir.

Bejerginiň netijeliligine, operasiýadan soňky döwürde  gurçuklama keseline garşy serişdeleri ulanmak çäreleri uly goldaw berýär.

Ehinokokkoza garşy derman serişdelerinden albendazol (andazol, eskazol, zentel, nemozol) ýokary netijeliligi bilen tapawutlanyp, onuň mukdaryny we bejergi tapgyryny, näsagyň ýagdaýyna görä lukman belleýändir.

Öňüni alyş çäreleri

Ehinokokkozyň öňüni alyş çäreleri eýesiz itleri ýok etmek, maldarçylyk hojalygynda mallaryň öldürilşine gözegçilik etmek (ehinokokk keseli bilen kesellän mallaryň iç goşlaryny itleriň iýmegine ýol bermezlik, maldarlaryň şahsy arassaçylygy), itleri saklaýan adamlaryň şahsy arassaçylyk çärelerini berjaý etmegi we olarda keseli ýüze çykaryp bejergi tapgyryny geçirmekden ybaratdyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.