DODAK UÇUGY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Dodakdaky uçuklary uçuk wirusynyň 1 görnüşi döredýändir. Olaryň örmegi bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagyna, üşütmäniň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup biler. Üçuk örgünleriň ýygy örmegi, siziň bedeniňiziň kesellere durnuklylyk ulgamynyň (immun ulgamynyň) gowşandygyndan habar berýändir.

Dörän uçuk örgünlerini aýyrmak üçin wirusa garşy täsir edýän serişdeler (asiklowir, zowiraks, walasiklowir, foskarnet) ulanylsa, bedeniň immun ulgamyny wirusa garşy tijendirmek üçin ýörite tertip boýunça, gerpes (uçuk) wirusyna garşy immunoglobulini ulanmak peýdaly netijeleri berip biler. Örgünleriň döremesi aýrylansoň, deridäki uçuk yzlary hem kem-kemden aýrylyp gider. Olar ören döwründe, derini ýumşatmak üçin çopantelpek we jerebaý otlaryny saklaýan kremleri, pihta agajynyň ýagyny zeperlenen derä çalmak maslahat berilýär. Uçuk ýokançlygyndan doly saplanmak we bejergi çärelerini doly göwrümde almak üçin, şäher ýokanç keseller keselhanasynyň wirusolog lukmanlaryna ýüz tutuň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.