AÝAKLARYŇ X–GÖRNÜŞLI DEFORMASIÝASYNYŇ BEJERGISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.75 (12 Ses)

Hormatly okyjy!

Aýaklaryň X-görnüşli deformasiýasy näme?

Aýaklar birleşdirilip goýlanda iki dyz, iki injik we ökjeler biri-birine degip, arasynda boşluk emele gelse göni görnüşli aýaklar diýilýär. Haçanda aýaklar birleşdirip goýlanda, iki dyzyň biri-birine has golaý ýerleşip, ökjeleriň bolsa arasynyň has açyk bolmagyna hakyky X-görnüşli deformasiýa diýilýär. Emma öý şertlerinde öz-özüňize bu kesel kesgitlemesini goýmaň. Trawmatolog lukmana ýüz tutuň, ol Size deformasiýanyň barlygyny ýa-da ýoklugyny, onuň derejesini we bejeriş usullaryny düşündirer.

Çagalyk döwürde bu keseli bejeriş bedenterbiýesi we dürli mahsus maşklaryň kömegi bilen bejerip bolar. Ulularda bolsa diňe operatiw usullar ulanylýar. Operasiýa wagty zeperlenen süňkde 5-7 mm deşik edip, mümkin boldugyça süňki göneldýärler. Eger deformasiýa has agyr ýagdaýda bolsa, onda "Ilizarowyň" enjamyny dakýarlar. Bu ýagdaýda süňke demir esasly nurbatly çişler we sim dakylyp goýulýar. Enjam 3 aýyň dowamynda aýaga dakylgy durup, süňkleriň dogry ösmegi üçin nurbatlary çekdirip durmaly bolýar. Operasiýa eden lukman nurbaty haçan we näçeräk çekdirmelidigi barada ýörite meýilnama düzüp berer. Operasiýadan soňky ilkinji aýlarda Siz pişegiň kömegi bilen emaý ýöräp başlamaly. Bir aýdan soň özbaşdak ýöräp başlamaga rudsat berilýär. Üçülenji aýda enjam doly aýrylýar we soňky 6 aýyň dowamynda agyr fiziki hereketleri etmekden saklanmaly bolarsyňyz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.