EL-AÝAK ÇYKMAZ ÝALY NÄME ETMELI?

1 1 1 1 1

Hormatly okyjy!

El-aýak bogunlary çykanda olary dogry ýerine salyp, gozganmaz ýaly sarap goýmak möhümdir. Bogundaky süňkleriň kadaly gatnaşygyny saklamak üçin, bogunlary ýerine diňe lukman salmalydyr. Ondan başga-da, bogunlary dogry ýerine salmak ýumşak dokumalaryň goşmaça şikeslenmesiniň öňüni alyp biler.

Bogundaky adaty hereketleri dikeltmek üçin owkalama, fizioemleri, bejeriş maşklary geçirmek, bejerginiň jemleýji tapgyry bolup durýandyr.

Çykan wagtyndan soň üç hepde geçen, könelişen çykyklary hirurgiki operasiýa usuly bilen ýerine salýarlar. Dürli keseller netijesinde (osteomiýelit, poliomiýelit) dörän patologiki çykyklaryň bejergisinde esasy keselleriň bejergisine üns berilmelidir. Beýle bogun çykyklaryndan soň, bognuň hereketini dikeltmek üçin köplenç hirurgiki bejergini ulanmak zerurlygy ýüze çykýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.