TITREME HADYSASY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.38 (8 Ses)

Hormatly okyjy!

Myşsalaryň ýygrylmagy netijesinde el-aýagyň titremesi dürli näsazlyklaryň we keselleriň ýüze çykmagy netijesinde döräp biler. Bu ýagdaý galkan şekilli mäziň keselinde (giperterioz), garaguşagyry, Parkinsonyň keseli, horeýa, şizofreniýa, newrozlar ýaly nerw ulgamynyň näsazlyklarynda, alkogolizm keselinde, kalsiý, magniý minerallarynyň ýetmezçiliginde ýüze çykyp biler.

Çendenaşa fiziki ýadawlylyk, kofe içgisiniň köp kabul edilmegi hem titremeleriň wagtlaýyn ýüze çykmagynyň sebäbi bolup biler. El-aýagyň titremeleriniň sebäbini anyklamak üçin degişli barlaglary geçip (kalsiý, magniý, kaliý, glukozanyň derjesini anyklamak we başgalar) newropatolog, endokrinolog lukmanlaryň maslahatyny almak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.