MENIŇ OŇURGAM WE PILÇÄM AGYRÝAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (4 Ses)

Hormatly Şarif!

Siz öz hatyňyzda oňurgaňyzyň utgaşykly şikeslenmeleriniň sebäbini beýan etmeýärsiňiz.19 ýaşda oňurgada osteohondroz we oňurgaara ingileriň döremegine näme sebäp boldy: şikeslenmemi ýa-da agyr fiziki zähmet?

Siz barlagdan soň, lukmanlaryň maslahat beren bejergisi barada hem maglumat bermeýärsiňiz. Oňurganyň bil bölüminiň ingisi düýpli bozulmalara (içki agzalaryň işiniň bozulmalary, duýujylygyň üýtgemegi, güýçli agyrylar) getiren ýagdaýynda operatiw bejergi üçin görkezme bolup dursa, oňurga osteohondrozynyň bejergisi dowamly häsiýetli bolup, sizden sabyrlylygy, erjelligi talap edip biler. Onuň bejergisi ýörite size bellenilen maşklary ýerine ýetirmeden, fiziki emleri ulanmadan, el bilen oňurga täsir etmeden, oňurgany çekdirme bejergisinden düzülen bolup, bejergi çäreleriniň görnüşine bolan görkezmäni diňe lukman kesgitläp bilýändir. Tapgyrlaýyn geçirilen bejergi oňurgadaky bozulmalary tutuş aýyrmasa hem, sizde döreýän agyrylaryň, myşsa dartgynlylygyň ýüze çykyş derejesini gowşatmaga kömek edip biler. Siz bu soraglar babatda öz lukmanyňyz bilen maslahat edip, bejeriş çäreleriniň meýilnamasyny düzüp bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.