GOLTUK ASTY TÜÝLERIŇ ÖSMEGINI NÄDIP AZALTMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýetginjeklik döwrüniň başyndan aýal bedenine mahsus ýerlerde gyl örtüginiň ösmegi (şonuň ýaly-da goltuk astynda we daşky jyns agzalarynda) böwregüsti mäziniň işläp çykarýan androgen gormonlaryň täsirine we ýumurtgalyklaryň işine bagly bolýar.

Aýal bedeninde erkek adamlara mahsus ýerlerde gyl örtüginiň (girsutizm) emele gelmegi ýa-da onuň bedende aşa köp ösmegi (gipertrihoz) endokrin ulgamdaky näsazlyklardan, gormon bölüp çykarýan täze döremeleri emele gelende ýa-da nesil yzarlaýjylyk faktorlaryň täsiri bilen döräp biler.

Artykmaç gyl örtügini androgen gormonlaryň derejesini peseldýän serişdeler (androkur, Diane-35), böwregüsti mäziň işläp çykarýan gormonlary, pregestinler bilen, depilýasiýa, epilýasiýa, elektroepilýasiýa çäreleri bilen aýryp bolýandyr.

Eger Sizde agzalan näsazlyklar bolman, Siziň bellän ýerleriňizde gyl örtügi kadaly ösýän bolsa, ol adaty ýagdaýdyr.

Adaty kosmetiki serişdeleri (depilýator kremleri) ulanmagyňyzy maslahat berýäris.

Gormon serişdeleri ulanmak bolsa ilki bilen endokrinolog lukmanyň barlagyny we maslahatyny talap eder.

Hormat bilen saýtyň lukmany.