NÄDIP SEMRÄP BOLARKA?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.07 (15 Ses)

Hormatly okyjy!

Beden agramynyň ýaşa görä ýetmezçiligi bedeniň dürli kesellerinde (ýürek-damar, peşew çykaryş ulgamynyň käbir keselleri, endokrin näsazlyklar, iýmit siňdiriş ulgamyň keselleri, gurçuk keseli, inçekesel) ýüze çykyp biler. Ondan başga-da, bedeniň boý-agram görkezijileri nesil yzarlama häsiýete hem eýedir.

Agzalarda näsazlyklar bolmazdan, bedeniňiziň kadaly agramyny almak kynçylyga öwrülse, onda öz gün tertibiňize, iýýän iýmitiňize üns bermeli bolar. Ýokary ýokumlylygy bolan iýmitler bilen (et önümleri, ak çörek, balyk, maňyzlar, ýer almasy we başgalar) ýygy-ýygy (günde 4-5 gezek) iýmitlenme, myşsalary ösdürýän ýörite maşklary kadaly ýerine ýetirmek, köpräk dynç alyp, ukyňyzy kadaly almak agramyňyzyň köpelmegine kömek eder.

Ýörite beloga baý bolan iýmit goşundylaryny kabul etmek hem bu babatda kömek edip biler, ýöne olaryň ýokary hilliligine üns bermelidir.

Erkeklik gormonlarynyň hem belli bir mukdarynyň ulanylmagy agramyň köpelmegine kömek edýär. Ýöne gormon serişdelerine görkezmeleri we olaryň mukdaryny diňe endokrinolog lukmany kesgitläp biler.

Bu meselede degişli çäreler toplumyny kesgitlemek üçin maşgala lukmanyna hem-de bedenterbiýe maşklary boýunça tälimçilere ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.