ÝÜZE ÇYKAN ÝAKALY NÄDIP AÝYRMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (66 Ses)

ÝÜZDÄKI PIGMENTLI MENEKLERIŇ DÖREME SEBÄPLERI WE OLARY AÝYRMAGYŇ USULLARY

Aýna seredip öz ýüzümize syn edenimizde, goýy goňur reňkli, dürli görnüşli, ýüzi tekiz hem-de araçäkli pigment menekleriň döremegi keýpimizi bozup, bizi uly ünjä goýýar. Bu menekler köplenç aýallarda duş gelip, olaryň döreme sebäpleri dürli-dürli faktorlara bagly bolup bilerler. Lukmançylykda bu pigment meneklerini hloazmalar, halk arasynda bolsa "ýakal" diýip atlandyrýarlar. Menekleriň döremegi biziň derimize reňk berýän melanin pigmentiniň köp ýygnanmagy bilen düşündirilýndir.

Dürli sebäpleriň täsir etmegi netijesinde deriniň käbir böleklerinde melanin pigmentiniň aşa toplanmagy hem pigment menekleriň döremegine getirýär.

Haçan-da melanin deriniň ýokarky gatlaklarynda toplananda, olar sarymtyl ýa-da açyk goňur reňkli bolup, deriniň üstünde ol diýen bildirmeýär Olar ýaly meneklere sepgiller (wesnuşka), gün menekleri (lentigo), deriniň üstünde emele gelýän hal (newus) degişlidirler.

Egermelanin deriniň aşaky gatlaklarynda toplanan bolsa, pigment menekleri goýy goňur reňke eýe bolup, deriniň üstünden mese-mälim galýarlar. Menekleriň bu toparyna deriniň içinde döreýän newus, sowuklamadan we şikeslenmelerden soň döreýän menekler degişlidir.

Ýokarda bellenişi ýaly, pigment menekleriniň döremegi köp sebäplere bagly bolup, şol faktorlary aradan aýyrmak, bejergi çäreleriniň esasy bolup durýandyr.

Köplenç pigment menekleri göwrelilik döwründe, endokrin ulgamyndaky üýtgeşmeler netijesinde döräp biler. Şonuň ýaly-da, bagryň, öt haltanyň, böwregüsti mäziň dowamly kesellerinden ejir çekýän adamlarda, himiki serişdeler bilen işleýän (grafit, gurum, kömür, reňkleriň käbir görnüşi, däri) adamlarda menekleriň döreme töwekgelçiligi ýokarydyr.

Bedende foliý turşulygynyň ýetmezçiligi hem menekleriň döremeginiň bir sebäbi bolup biler. Şeýle ýagdaýlarda, foliý turşulygyny witaminler toplumynyň düzüminde kabul etmek, ýeňil özleşmegi üçin bolsa ysmanak, kelem ýaly gök önümleriň düzüminden almak peýdaly bolar.

Menekleriň bejergisinde C witaminiň (pyrtykal we limon şiresiniň) hem peýdaly täsir edýändigini ýatdan çykarmaly däldir.

Ýüzdäki menekleriň döremegi köp babatda gün şöhleleriniň täsirine bagly bolup, ol derimize näçe köp täsir etdigiçe, menekler şonça-da ulalyp, aýdyň görünýärler. Derini gün energiýasynyň işjeňleşip başlan birinji günlerinden (mart aýynyň soňy-aprel aýynyň başy) gorap başlamalydygyny unutmaly däldir. Şol döwürde derini gün şöhlesiniň ýaramaz täsirinden goraýan ultramelewşe şöhleleri “süzüji“ gorag ýaglaryny ulanmak peýdaly çäre bolup biler.

Meneklenme töwekgelçiligi ýokary bolan her ýagdaýlarda her kosmetiki serişdä (krem, ýapgylar) günden goraýan ýaglary goşmak maslahat berilýär. Bu maksat üçin islendik tebigy ultramelewşe-süzüjilik häsiýeti bolan ösümlik ýagy hyzmat edip biler. Olara, meselem, buriti, şi, žožoba ösümligiň ýagy, künji ýagy degişli edilip bilner.

Ondan başga-da, derini agartmak üçin ulanylýan ýapgylara efir ýaglaryny (limon, greýpfrut we kamfora) goşup, olary diňe agşam geçirilýän bejergi çärelerine degişli edip bolar. Bu agardyjy ýapgylardan soň gün şöhleleriniň täsirinden gaça durmak ýerliklidir. Şeýle hem, olaryň derini aşa guradýanlygy sebäpli, ulanylandan soň iýmitlendiriji kremleri çalmak peýdalydyr.

Köp ýagdaýlarda menekler sabynyň, pes hilli kosmetiki serişdeleriň ulanylmagy netijesinde hem döräp biler. Şol sebäpden hem derä dogry ideg edip, ulanylýan kosmetiki serişdeleriň hiline, deriňiziň görnüşine (gury ýa-da ýagly, kadaly) gabat gelşine üns bermelidir.

Ýüziň derisi üçin gan aýlanyşygy gowulandyrýan, agardyjy we ýumşadyjy häsiýetli ýaglar bilen owkalama geçirmek örän peýdalydyr.

Derini aşa gyjyndyryjy serişdeleri ulanmakdan bolsa gaça durmalydyr, çünki olar deriniň has garalmagyna getirip biler.

Ýüzde menekleriň emele gelmegine operasiýalar we geçiriş düzgünleriň bozulmagy bilen geçirilýän arassalama we lazer bilen täsir etme kosmetologiýa çäreleri hem sebäp bolup biler.

Pigment meneklerini aýyrmak ýörite her adam üçin işlenip düzülen çäreler toplumyny talap edýändir. Bedeniň umumy ýagdaýyny barlap, deriňiziň häsiýetine görä bejergileri almak üçin kosmetolog hünärmenleriniň maslahaty wajypdyr.

Kosmetologiýa otagynda Size dürli serişdeler bilen arassalama, (glikol, retikol, üçhloruksus turşulygy bilen), agartma çärelerinden başga-da, lazer bilen aýyrma bejergisi hem geçirilip bilner. Bu maksat bilen arassalama çäreleriniň deriniň içine witamin C we melaniniň işläp çykmagyny saklaýan serişdeleriň (mezoterapiýa) goýberilmegi bilen utgaşdyrylmagy hem giňden ulanylýar.

Öý şertlerinde limon, turşadylan kelem, greýpfrut, petruşka, hyýar, turşadylan süýt önümlerinden, ýumurtganyň agyndan, süle unundan taýynlanan ýapgylar agardyjy häsiýete eýe bolup, olar ulanylandan soň suw bilen ýüzüňizi ýuwup, iýmitlendiriji kremleri ulanmak peýdalydyr. Şeýle-de agardyjy häsiýete kaolin, pergidrolly magneziýa, salisil turşulygy, wodorodyň öteturşy ergini, benzoý, uksus we süýt turşulygy, ak simap, wismutyň nitraty ýaly serişdeler eýedir. Ýöne ak simap melhemi böwrek we bagryň, böwregüsti mäziň kesellerinden ejir çekýänlere ulanmak bolmaýandygyny ýatda saklamalydyr.

Pigment menekleri aýyrmak üçin ilki bilen agardyjy ýapgylary ulanmak maslahat berilýär. Ýapgylar ulanylandan soň bir aýyň dowamynda gün şöhlesinden goraýjy kremleri ulanmalydyr.

Agardyjy ýapgylaryň birnäçesi bilen Sizi tanyşdyrasymyz gelýär:

1. Dorogdan (tworog) ýasalan ýapgy:

Dorog - 250g

Naşatyr spirti - 1 çaý çemçe

Bura - 1 nahar çemçe

Kamfora spirti - 1 nahar çemçe

Bor turşulygy - 1 nahar çemçe

Pergidrol - 1 çaý çemçe.

2. Hamyrmaýaly ýapgy: 15-20 gr hamyrmaýany limonyň şiresiniň 2 çaý çemçesi bilen garyşdyryp, ýüzüňize çalyň. 15-20 minutdan soň ýapgyny aýryp, ýüzüňizi guradyň we krem çalyň.

3. Kadaly we gury deri üçin belokly we pergidrolly ýapgy: Ýumurtga agynyň 2-3 çaý çemçesi bilen 3%-li wodorod öteturşusynyň 1 çaý çemçesini garyň. Oňa 1 çaý çemçe dorog goşuň. 5-7 minutdan ýapgyny ýuwup, ýüzüňize tijendiriji losýondan sowuk ýapgy goýuň.

4. Kaolinli ýapgy:

Sink okisiniň 1 çaý çemçesini, 1 çaý çemçe ak palçygy, 2 çaý çemçe 10%-li pergidroli we 2 çaý çemçe limon şiresini garyp ýüzüňize çalyň. Bu ýapgyny ýüzüňizde bütin gije saklasaňyz hem bolýandyr.

Şeýle-de, pigment menekleri aýyrmakda agardyjy kremleriň hem peýdasy uludyr. Olaryň käbiriniň düzümini Siziň dykkatyňyza hödürläsimiz gelýär.

Agardyjy kremler:

№1. Sink pastasy - 25g

Ak simap melhemi (ýa-da gidrohinol) - 5g

Pergidrol - 5g

Salisil turşulygy - 2g

Hemmesini garyp, agşam 1-2 sagatlyk ýüzüňize çalyň. Ýatmazyňyzdan öň pamyk bilen süpürip aýryň.

№2. Salisil turşulygy - 6g

Kakao ýagy - 21g

96 gradusly spirt - 30g

Ýumurtganyň sarysy - 3 sany

Sinkiň okisi - 18g

Gaýmak - 3 nahar çemçe

Pergidrol - 30 damja

№3. Gidroperidiň bir gerdejigini owradyp 2 çaý çemçe iýmitlendiriji krem bilen garyşdyryp, ilki onuň täsirini gulagyňyzyň arkasyna çalyp barlaň. Eger gyjyndyryjy täsiri ýüze çykmasa, ýüzüňize çalyp 30 minut goýuň. Soňundan pamyk bilen süpürip aýryň. Bu kremi 1 aý kadaly ulanmak maslahat berilýär.

Pigment meneklerini aýyrmagyň her adam üçin ýörite çäreler toplumyny talap edýändigini Size ýene bir gezek ýatladasymyz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.