BOÝUMY NÄDIP ÖSDÜRIP BOLARKA?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.35 (37 Ses)

Hormatly okyjy!

Adamyň boýy süňklerdäki ösüş ýerleri – kekirdewik gatlaklarynyň ösmegi netijesinde uzalýandyr. Süňklerdäki ösüş ýerleriniň bardygyny anyklamak üçin eliň rentgen suratyny taýynlamak ýeterlikdir. Eger suratda olar görünýän bolsa, onda boýy ösdürmek mümkinçiligi artýandyr. Eger-de olar gatap, süňke dönen bolsa, onda bu çäreler netijesiz bolar.

Boýuň ösmegi 20 ýaşa çenli, käwagtlar 25-27 ýaşa çenli dowam edýändir. (Siz 22 ýaşyňyzda!). 

Boýy ösdürmegiň birnäçe usullary peýdalanylýar:

1. Eger ösüş ýerleri süňklerde açyk bolsa, onda boýuň ösüşini amala aşyrýan somatotropin, somatomedin gormonlaryny kabul edip bolar. Ýöne bu gormonlary diňe lukmanyň gözegçiligi astynda ulanmalydyr.

Barlaglar gormonlaryň kabul edilen birinji iki ýylynda boýuň 10-12 sm çenli ösendigini görkezdi. Ýöne bu bejerginiň öz kemçilikleri hem bardyr: eliň, aýagyň uly süňkleri bilen bile barmaklar, kelle çanagynyň süňkleri, burun hem ösüp biler.

Gormonlaryň täsirini ýokarlandyrmak maksady bilen witamin C, E, nikotin turşulygy, sink ýaly wajyp elementleri kabul etmelidir. 

2. Hirurgiki usulyň täsiri arkaly boýy ösdürmek – şikeslenmelere getirýän usul bolsa hem, boýy ösdürmekde 100% kepillendirme berýändir. Bu usul arkaly boýy ösdürmek üçin injikleri döwüp, Ilizarowyň (oýlap tapan lukmanyň ady) ýörite enjamyny goýýarlar. Süňkler ol enjamda bitişýär we şondan soň olary ýuwaş-ýuwaşdan çekip başlaýarlar.

Bu usul boýuň 5-10 sm, kähalatlarda 15-20 sm çenli ösmegine  ýardam berýär. Operasiýanyň gymmatlygy, howply gaýraüzülmeleriň (süňkleriň sowuklamagy we bitmezligi) ýüze çykmagy, 10-12 aý adaty ýaşaýyş düzgüniňizden daşlaşmaklyk bu usulyň ýetmezçilikleri bolup durýandyr. 

3. Ýörite oňurganyň çekilmegine ýardam berip, oňurgara diskleri dikeldýän fiziki maşklary ýerine ýetirmek we basketbol oýnamak. Maşklaryň netijeliligi doly subut edilmese hem, kadaly türgenleşmeler netijesinde bir hepdede 3-5 sm çenli ösüşi gazanyp bolar. 

Öz bedeniňiziň aýratynlyklaryny kesgitlemek we peýdaly çäreleri bellemek üçin Size ortoped lukmanlaryna we bejeriş hem-de dikeldiş maşklaryny ulanmak boýunça  türgenlere ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.