SAÇ NÄME ÜÇIN DÖKÜLÝÄRKÄ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.25 (8 Ses)

Hormatly okyjy!

Saçlaryň ýagdaýy ýaş aýratynlyklaryna, beden kesellerine, esasan hem endokrin ulgamynyň  näsazlyklaryna, olara ideg ediliş düzgünlerine juda bagly bolup durýandyrlar. Saçlaryň köp düşmegi kelläniň derisiniň şikeslenmegi, deriniň bakterial we kömelekli ýokançlyklary, güýçli stress ýagdaýlary, gormonal bozulmalar (meselem, galkan şekilli mäziň işiniň bozulmalary), nesil yzarlaýjylyk  häsiýetliligi, käbir immun ulgamynyň işiniň bozulmalary bilen ýüze çykýan keseller (meselem, deri inçekeseli oňa il arasynda  gyzyljagurt keseli hem diýilýär (красная волчанка)), nädogry iýmitlenme (iýmitde B toparyň witaminleriniň, selen, ýod, sink minerallaryň ýetmezçiligi), saçlary hili pes boýaglar bilen reňkleme ýa-da saçlary guradyjy feni köp ulanma, käbir derman serişdelerini (gan basyşy peseldýän dermanlar, gamgynlylyk ýagdaýynda ulanylýan antidepressantlar, käbir gormon serişdeleri) gözegçiliksiz ulanma  ýaly sebäpleriň täsiri bilen döräp biler.

Saçlaryň düşmeginiň sebäbini anyklap, degişli bejergini almak üçin Size triholog lukmanyna ýüz tutmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.