SAÇ DÖKÜLMÄNIŇ ÇÄRESI BARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (6 Ses)

Hormatly Baky!

Siz saçyňyzyň näme sebäpden birden dökülip başlandygynyň sebäbini anykladyňyzmy? Bedeniň gormonal bozulmalary, saç haltajyklarynyň erkeklik  gormonlaryna duýgurlygynyň ýokarlanmagy, dürli ýokançlyklar, stress ýagdaýlary, witamin ýetmezçiligi saç düşmäniň sebäbi bolup biler. Nesil yzarlama faktory hem bu meselede esasy orny eýeleýändir.

Häzirki wagtda gözellik serişdelerini öndürýän pudak saçyň düşmegini bejerýän hem-de  öňüni alýan köpdürli şampunlary we  ýörite serişdeleri öndürýär. Olardan derman otlardan ýasalan Remolan, kremniý mineralynyň biologiki işjeň görnüşi bolan Silokast, düzüminde kofein saklaýan Rinoftil, Ewkapil bejeriji serişdeleri mysal höküminde bellemek bolar.Ýaşyňyzy, bedeniňiziň aýratynlygyny we saç düşmäniň görnüşini göz öňüne tutup, degişli barlaglardan soň bejergi almak üçin triholog lukmanyna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Mundan başga-da, saç düşmede halk arasynda ulanylýan ýörgünli usullaryň birnäçesi bilen Sizi tanyşdyrasymyz  gelýär.

Saç düşmegiň sebäpleri we bejergi usullary bilen tanyşmak üçin Size saýtymyzda ýerleşdirilen "Saç düşmegiň sebäpleri we bejergisi" atly makalany okamagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.