DÜWÜRTIK ÖRGÜNLERI NÄDIP AÝYRMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (52 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýüzde çykýan düwürtikleriň bejergisinde onuň ýaýraýyş derejesini, ýerleşişini, deride sowuklama ýagdaýynyň bardygyny ýa-da ýoklugyny, dörän gaýraüzülmeleri göz öňünde tutmak möhümdir. Ondan başga-da lukmana ýüzüň derisiniň ýagdaýy, endokrin ulgamynyň işi barada maglumatlary bilmek peýdaly bolup biler. Düwürtikleriň ýüze çykyş sebäbine görä, häzirki wagtda dürli derman serişdeleri ulanylýar:

► Ýüze çalynýan derman serişdeleri – benzoilperoksid hem-de onuň ýokançlyklara garşy bolan serişdeleri, kükürt bilen utgaşykdaky derman görnüşleri, A witaminden ýasalan serişdeler (aýrol, retin-A), azeldin turşylygy (skinoren). Bu derman serişdeleri deride düwürtikleriň sowuklama ýagdaýlarynyň emele gelmeginiň öňüni alyp, olaryň netijeliligi uzak wagt (3 aýdan az däl) ulanylanda ýüze çykýandyr. Käbir halatlarda olar deriniň aşa gyjyndyrylmagyny – dermatit ýagdaýyny döredip biler. Onuň ýaly ýagdaýlarda, dermanyň ulanyş ýygylygyny azaltmak we dermanyň pes konsentrasiýaly görnüşine geçmek ýeterlik bolar.

► Ýokançlyklara garşy serişdeler – eritromisin (zinerit), klindamisin (dalasin), tetrasiklin serişdeleri.

Täze ulanylýan serişdelerden başga-da, öňden ulanylýan kükürtden ýasalan serişdeler, salisil turşulygy, rezorsin peýdaly bolup biler.

Soňky ýyllarda A witaminden ýasalan derman serişdeleri – izotretinoin (roakkutan) has peýdaly netijeleri berip, ol deri ýagyny işläp çykarmagyny peseltmäge ukyplydyr. Bu serişdeler bilen bejerginiň dowamlylygy 4 aýdan az bolmaly däldir.

Düwürtikleri aýyrmakda goşmaça çäre höküminde ýüzi arassalamak, ýüzleý geçirilýän krioterapiýa (sowuk temperaturanyň täsiri bilen), darsonwal togy, lazer şöhleleriň täsiri ulanylyp bilner. Bejergi çäreler toplumyny, degişli barlagdan soň dermatolog-kosmetolog lukmanlarynyň bellemeginiň möhümdigini ýatladasymyz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.