SAÇ DÖKÜLMÄNIŇ ÇÄRESI BARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.70 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň genetiki aýratynlygyňyzy, endokrin ulgamynyň ýagdaýyny, deriňiziň ýagdaýyny, saç düşmäniň görnüşini anyklamazdan belli bir degerli maslahat bermek kyn bolýar.

Saçyň düşmegi köp sebäplere bagly bolup, her aýry ýagdaýlar triholog lukmanynyň maslahatyny, barlagyny talap edýändir.

Saçlary ösdürmek maksady üçin häzir dürli usullar ulanylýar. Saçyň düşme sebäbine baglylykda, derman serişdeleri (minksidil, aleran, finasterid), otlardan we biologiki işjeň maddalardan taýynlanan serişdeler (remelan, rinoftil, silokast, ewkapil), lazer bejergisi, gormon bejergisi, hirurgiki usul arkaly saç oturtma bejergisi ulanylyp bilner.

Ondan başga-da, käbir halatlarda saçlara gara çörekden, gyzyl burçdan, sogandan we baldan, balyň, aloe şiresiniň we sarymsak şiresiniň garyndysyndan ýasalan ýapgylary ulanmak peýdaly netijeleri berip biler.

Her niçik-de bolsa, saç düşmäniň sebäbini anyklap, degişli bejergi çärelerini geçirmek üçin Size triholog lukmanyna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Saç düşmäniň sebäpleri we bejergisi barada maglumat almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Saçyň düşmeginiň sebäpleri we bejergisi" atly makala bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.