DÜWÜRTIKLERIŇ YZYNY NÄHILI AÝYRMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.93 (14 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýüzde dörän düwürtikleriň yzlaryny aýyrma çäreleri näçe çalt başlansa, şonça hem bejergi gowy netijeleri berip biler.

Düwürtiklerden soň yzjagazlar galmaz ýaly, deriniň sowuklama ýagdaýlarynyň öňüni almak üçin ýörite ýokançlyklara garşy serişdeler, kosmetiki çäreler bilen utgaşykda ulanylýandyr.

Ýüzleý arassalama, parafin ýapgylary, ultrases tolkunlary, düwürtik yzlary has hem bildirýän halatlarynda gialuron turşulygyny ulanmak peýdaly netijeleri berip biler. Has ýaýran we köpsanly zeperlenmelerde himiki serişdeler (meselem, salisil turşulygy) bilen arassalama, lazer bilen derini ýylmama çäreleri geçirilýändir. Uly bolmadyk düwürtik ýaralarynyň ýerine gormonal hem-de guradyjy serişdeleri hem goýberme peýdaly netijeleri berip bilýär. Bejergi çäreleriň yzygiderliligini dermatolog, kosmetolog lukmanlary bellemelidir.

Şonuň üçin hem, Size deriňiziň görnüşi, zeperlenme ýagdaýlarynyň derejesini anyklap, bejeriş çäreleri bellemek üçin kosmetolog hünärmenlerine ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.