BOÝNY NÄHILI DOGRULAMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 1.50 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Lukmançylyk bejeriş çäreleri barada gürrüň etmezden öň, bar bolan bozulmanyň (eger ol bar bolsa) görnüşini kesgitlemek gerekdir. Onuň üçin bolsa ogluňyzyň özüni görmek gerek bolýar.

Oňurga sütüniniň ýagdaýyna, has hem boýun oňurgasynyň hereketjeňligine baha bermek wajypdyr. Gerek bolsa, oňurganyň degişli bölümleriniň rentgen, kompýuter tomografiýa barlagy hem geçirilýändir. Siziň beýan edýän ýagdaýyňyzda gyşyk boýunlylyk, boýun oňurgalarynyň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýän Klippelýa-Feylýa sindromy (alamatlar toplumyny) kesel kesgidi aradan aýyrmak üçin ortoped-trawmatolog lukmanynyň maslahatyny almak gerekdir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.