ENDAMDAKY DÜWÜRTIKLER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (7 Ses)

Hormatly Ejebaý!

Bedeniň otyrýer böleginde ýag çykarýan mäzleriň az mukdarynyň ýerleşmegi, onuň derisiniň guraksy bolmagyna hem-de içki eşikler bilen galtaşanda ýa-da uzak wagt oturlanda düwürtikleriň döremeginiň sebäbi bolup biler. Ondan başga-da, bedeniň gormonal bozulmalary, üşemek, derlegenlik, allergiki täsirliligiň ýüze çykmagy hem otyrýerde düwürtikleriň döremegine getirip bilýändir.

Düwürtiklerden dynmak ugrunda  alnyp barylmaly çäreleriň iň esasy bölegi-öz kabul edýän iýmitiňize üns berip, ýiti hem-de ýagly tagamlaryň mukdaryny azaltmakdyr. Otyrýerde çykan düwürtiklerden dynmak üçin aşakdaky maslahatlary bermek bolar:

♦ Pamyk oralan taýajygy salisil melhemine batyryp, günde 2 gezek düwürtiklere çalyň. Derini ýakma howpynyň barlygyny göz öňüne  tutyp, emaý bilen çalyň.

♦ Täze dörän düwürtikleri ýod bilen hem işleme peýdaly netijeleri berip biler.

♦ Düwürtikleri aýyrmakda baziron derman serişdesi hem peýdaly bolup, ol ýokançlyklary öldürmäge we deriniň guramagynyň öňüni almaga kömek edýär.

♦ Derini duz bilen süpürme, çopantelpekden, çereda otundan taýynlanan gaýnatmalar bilen ýuwunma, ol otlary legene salyp 10-15 minut oturma hem peýdaly netijeleri berýändir.

♦ Ýaşyl palçykdan taýynlanan ýapgylary hepdede 1-2 gezek ulanma hem peýdalydyr. Palçygy suw bilen garyp, derä çalyp 30 minut saklamalydyr we soň ýuwup aýyrmalydyr.

♦ Deri öýjükleriniň kadaly täzelenip durmagyna A witamini öz täsirini ýetirýändir. A witamininiň gerdejiklerini ulanma (lukmanyň maslahatyndan soň) hem-de ony saklaýan melhemleri (Radewit, Widestim, retin melhemi) zeperlenen derä çalma peýdaly netijeleri berip bilýändir.

♦ Içki eşikleriň pagtadan taýynlananlaryny ulanmaga çalşyň. Owadan, ýöne sintetik süýümlerden taýynlanan eşikleri geýmäň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.