NÄME ÜÇIN KÖPLENÇ ERKEK ADAMLARYŇ GARNY ÇYKÝARKA?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.41 (17 Ses)

Hormatly okyjy!

Beden agramy ýokarlananda, döşde, garynda, ýanbaşda ýag gatlagy has hem ösýändir. Erkek adamlaryň anatomiki we endokrin aýratynlyklaryna görä, garnyň öňki diwarynda ýag öýjükleri toplanyp, garnyň sallanmagyna getirýär. Garny kiçeltmek çäreleri dogry iýmitlenme, fiziki maşklary ýerine ýetirme çärelerini öz içine alyp, wagty we takatlylygy talap edýändir. Bu geçirilmeli çäreler barada doly maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Garyn salmazlygyň düzgünlerini bilýärsiňizmi?", "Semizlige garşy göreş yglan eden adamlara peýdaly maslahatlar" atly makalalar bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.