ELLERDE DÖREÝÄN SIŇŇILLER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Papillomawirus ýokançlygynyň täsiri bilen döreýän siňňilleriiň bejergisinde, görnüşine baglylykda 5% erginli tebrofen melhemi, çistoteliň spirtli ergini, podofillin serişdeleri, hirurgiki usul bilen kesip aýyrma, diatermokoagulýasiýa, sowuk howa akymynyň (kriobejergi) täsiri, lazeriň täsirini ulanma ýaly çärelerden peýdalanylýar. Bedene wirusyň edýän  täsirini azaltmak hem-de kesellere garşy durnuklylyk ulgamynyň işini ýokarlandyrmak maksady bilen immun ulgamyny güýçlendiriji serişdeleri hem tapgyrlaýyn ulanma ýerlikli bolar. Siňňilleri aýyrmak maksady bilen ulanylýan serişdeleriň, sag deriniň bölegine düşende ýakyp bilýändigini ýatdan çykarmaly däldir. Siňňilleriň  görnüşine, ýaýraýyş häsiýetine baglylykda degişli bejergini almak üçin dermatolog lukmanlaryň maslahatyny almak peýdaly bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.