GIJEMEGINIŇ SEBÄBI NÄMEKÄ?
Hormatly okyjy!
Siziň belleýän alamatlaryňyz barmaklaryň arasyndaky deriniň kömelekli zeperlenmesinden habar berýär. Bu ýagdaý diňe gijileme alamaty bilen ýüze çykýarmy? Barmaklarda deriniň üýtgeme (çişginlilik, gyzarma, öz-özünden soýulma, düwmejikleriň döremegi) ýagdaýlary syn edilenokmy? Derini zeperlendirýän kömelejikler dürli görnüşli keselleri döredip (epidermofitiýa, trihofitiýa we başgalar), olaryň bejergisi kömelejiklere garşy täsir edýän serişdeleri (antifungal) umumy hem-de ýerli ulanmadan (pimafusin, mikanazol, nizoral we baş.) ybaratdyr. Kömelekli ýokançlygyň görnüşini anyklap, degişli bejergini almak üçin dermatolog lukmanyna ýüz tutma ýerlikli bolar.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 3047 gezek okalan