ÝAKYMSYZ YSLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

Hormatly okyjy!

Deri mäzleri tarapyndan işlenilip çykarylýan der aslynda yssyzdyr. Ýöne ol bedende ýaşaýan bakteriýalaryň täsiri bilen yslanyp biler. Şonuň ýaly-da, süýji keselinde, iýmit-siňdiriş agzalaryň dowamly keselinde deriniň ysynyň üýtgemeginiň ýüze çykyşy ýaly, agyzdan ýakymsyz ysyň gelmegi hem duş gelip biler. Kömelekli ýokançlyklar aýagyň derisiniň ysly bolmagynyň sebäbi bolsa, gasykda, jyns agzalaryndan gelýän ýakymsyz yslar ýokanç keselleriň (bakterial waginoz, trihomoniaz, kandidoz) täsiri bilen döräp bilýändir.

Bedeniň dürli ýerlerinde döreýän yslaryň öňüni almak üçin birnäçe maslahatlary berip bolar:

♦ Deriň bölünip çykmagyny aýyrýan serişdeleriň köpdürliligine garamazdan, ýönekeý gigiýeniki talaplary berjaý edip, günde duş kabul etmegi unutmaly däldir.

♦ Deriň bölünip çykmagyny azaldýan  hem onuň ysyny aýyrýan dezodarantlardan kadaly peýdalanyň.

♦ Deriň güýçli ysyndan, antibakterial serişde bolan powidon-ýod hem halas edip biler. Goltuklaryň aşagyna hem-de gasyga  serişdäni çalyp, ýuwmalydyr. Serişdäniň peýdalylygyna garamazdan, onuň  allergiki täsirliliginiň hem-de derini guradyjy häsiýetiniň ýüze çykyp biljekdigini bellemelidir.

♦ Bedenden gelýän ýakymsyz yslar içegelerde döräp, saklanýan zäherli maddalar netijesinde ýüze çykyp biler. Dogry iýmitlenip, çig bakja önümleri hem-de ir-iýmişleri kabul etmegi unutmaň. Içilýän suwuklygyň mukdaryny köpeldiň. Suwa limon şiresini goşma has hem peýdaly bolar. Limon tebigy arassalaýjy hem-de yslary aýryjy serişde bolup durýandyr.

♦ Goltukda hem-de aýakda döreýän ýakymsyz yslarda çaý kömeleginiň erginini ulanma peýdaly hetijeleri berip biler. Suwa düşüp, şol ergini hemme zerur ýerlere çalyň. Aýagyň derlegenliginde Teýmurowyň melhemini ulanma hem maslahat berilýär.

♦ Agyzdan gelýän yslaryň sebäbi we olardan dynmagyň çäreleri baradaky maglumaty  saýtymyzda ýerleşdirilen "Agyzdan ys gelme: sebäpleri we bejergi çäreleri" atly makaladan  okap bilersiňiz.

Hormat bilen, satyň lukmany.