GURAK DERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Deriň guraklygy özbaşdak  kesel bolman, ol dürli deri  keselleriniň (galtaşykly dermatit, atopiki dermatit, teňňeli demrew, ihtioz, ekzema) nem alamaty hökmünde ýüze çykyp biler. Ondan başga-da, gormonal bozulmalar, süýji keseli, peşew çykaryş we iýmit siňdiriş ulgamyň keselleri, nädogry iýmitlenme  hem deriň guramagynyň sebäbi bolup bilýändirler. Deri daşky täsirler netijesinde hem (güýçli ýel, ultramelewşe şöhleler, gury howa, sowuk howa, tozan we başgalar) guraksy bolup biler. Belki-de, deriňiziň guramagynyň gyş aýlary güýjäp, tomus aýlary kadalaşmagy gury, sowuk howa, deriniň üstki gatlagynyň ýeterlik nemlendirilmezligi bilen baglydyr. Beýle ýagdaýda köçä çykylanda elligiň geýilmegi, derini nemlendirýän, onuň üstki gatlagyny goraýjy örtük bilen örtýän  serişdeleriň ulanylmagy degerli netijeleri berip biler. Deriniň gurama ýagdaýy geçmeýän bolsa dermatolog lukmany bilen maslahatlaşma zerur bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.