ENDAMDAKY TEGMILLER
Hormatly okyjy!
Deride emele gelen tegmilleriň ýerleşýän ýerini, görnüşini, reňkini, özara birleşme häsiýetini anyklamazdan belli kesel kesgidini goýma kynçylyk döredýär. Deride döreýän tegmiller kömelekli ýokançlyklaryň, gülgüne ýa-da kepek görnüşli lişaý, witiligo keselleriniň alamaty bolup bilerler. Size bellenen bejergiden ugur alsaň, sizde kepek görnüşli lişaý keseliniň dörändigini çaklasaň bolýar. Bellenen bejergini geçirip, alnan netijeleri görkezmek üçin ýene-de dermatolog lukmana ýüz tutmak peýdaly bolar.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 3446 gezek okalan