DODAGYŇ GURAMAGY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (4 Ses)

Hormatly okyjy!

Bedende ýüze çykan witamin ýetmezçiligi, sowuk howanyň täsiri, peýdalanýan parfýumeriýa serişdeleriňiziň täsiri ýa-da allergiki täsirlilik netijesinde agzyňyzyň daşlary gurap bilýändir.Dodaklarda nemlendiriji mäzleriň ýoklugy sebäpli, olara we agzyň töweregine ýörite ösümliklerden taýýarlanan nemlendiriji kremleri çalma, gaýmakdan, ýagdan we limon şiresinden ýa-da dorog bilen gaýmakdan taýýarlanan ýapgylary çalmak peýdaly bolup bilýändir. Bal ýapgylary hem iýmitlendiriji we nemlendiriji serişde bolup hyzmat edýändir. Şeýle-de, witamin ýetmezçiliginiň öwezini dolmak üçin, witaminleriň we minerallaryň toplumyny saklaýan serişdeleri kabul etmek peýdaly bolup biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.