ELDÄKI DERI ŞIKESLENMELERINIŇ SEBÄPLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.38 (8 Ses)

Hormatly okyjy!

Elleriň derisiniň gijäp soýulmagy atopiki dermatit we ekzema deri keselleri üçin mahsus bolsa, deriniň ýüzünde kesmek görnüşli ýasmajyklaryň döremegi psoriaz üçin häsiýetli bolup durýandyr. Bejergi bermezden öň lukman keseliň anyk kesgidini belländir. Deri zeperlenmeleriniň häsiýetini, olaryň döremeginiň başga sebäpler bilen baglanşygyny (himikatlar bilen işleme, siziň hünäriňiziň aýratynlyklary we başgalar) bilmezden keseliň görnüşini anyklamak kynçylyk döredip bilýär. Deri keselleriniň köpüsi gaýtalanyp durma häsiýetine eýe bolup, kadaly bejergi çärelerini talap edýän bolsa, käwagtlar elleriň derisini nemlendirýän serişdeleriň ulanylmagy, elleri iýiji himiki maddalaryň, sowuk ýa-da gyzgyn howanyň täsirinden goramak, witaminleri ulanma (esasan hem A we E witamini), berhiz tutma peýdaly netijeleri berip bilýändir. Deri sikeslenmesiniň häsiýetini we onuň gaýtalanmazlygy üçin geçirmeli çäreleriň görnüşini anyklamak üçin Size gözegçilik edýän lukmana gaýtadan ýüz tutmak gerekdir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.