DUZ IÝMEK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Naharlar bilen kabul edilýän duzuň köp mukdary agyz boşlugynyň nemli örtügine gyjyndyryjy täsirini ýetirip, ötýän ýarajyklaryň emele gelmegine sebäp bolup biler. Ýöne aşa köp kabul edilýän duzuň bütin bedene ýetirýän ýaramaz täsiri has hem uludyr. Bedene duzuň (nahar duzunyň) köp düşmegi onda suwuklygyň saklanmagyna, şol sebäpli bolsa peşew bölüp çykaryş ulgamyň işine agramyň salynmagyna getirip biler. Duzuň köp mukdary ýürek-damar ulgamyna hem agram salyp, gan basyşyň ýokarlanmagyna getirip bilýändir.

Düwürtikleriň döreme töwekgelçiligi bolan adamlarda duzly tagamlar deride düwürtikleriň köpelmeginiň sebäbi hem bolup biler.

Duzly naharlar işdäňi açyjy  hem-de özüne çekiji tagamlar bolsalar hem, duzuň bir günki kabul edllmeli mukdarynyň 10 gramdan köp bolmaly däldigini ýatda saklamalydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.