SAÇ GURADYJY (FEN) ZYÝANLYMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.58 (12 Ses)

Hormatly okyjy!

Saç guradyjy abzal bolan fen saçlary basym guradyp, olary dürli görnüşde timarlamaga kömek berýär. Ýöne gyzgyn howanyň saçlary inçeldip, guradýp biljekdigini, onuň täsiri bilen uçlarynyň hem bölünýändigini ýatda saklamalydyr.

Eger ony ulanmak zerur bolýan bolsa, onda birnäçe ýönekeý düzgünleri berjaý etmek bilen feniň ulanylmagyny saçlar üçin howpsyz edip bolar:

► Saçlary ýuwup bolanyňyzdan soň, derrew feni ulanmaň. Saçlary süpürgiç bilen süpürip, biraz özbaşdak guramaga mümkinçilik beriň;

► Feniň ýokary däl-de, berýän orta tizlikli howa akymyny ulanyň. Ilki sowuk howa bilen guratmany başlap, soň orta ýylylykly howa akymyny ulanmaga geçiň;

► Feni saçlara gaty ýakyn tutmaň. Ony saçlardan 20-30 sm. daşlykda tutup guratma maslahat berilýär;

► Guratmany saçlaryň ujyndan däl-de, düýbünden başlaň. Saçlaryň ujy çalt guraýar, feniň täsiri bilen bolsa olar has hem gurap hem-de bölünip biler;

► Eger mümkinçilik bolsa, hiç ýere gyssanmaýan halatlaryňyz feni ulanman, olary özbaşdak guradyp dynç beriň;

► Feni has ýygy ulanýan bolsaňyz, hepdede 1-2 gezek saçlar üçin niýetlenen iýmitlendiriji we çyglandyryjy ýapgylary ulanyň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.