ATALAR WE ÇAGA SERETMEK RUGSADY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (8 Ses)

Hormatly okyjy!

Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 97-nji maddasynyň 2-nji bölüminde bu barada şeýle diýilýär:

Çaga seretmek boýunça rugsat çaga hakyky seredýän adama, şol sanda çaganyň kakasyna, howandaryna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen halatlarda başga hossaryna berlip bilner.

Görkezilen adamlara çaga seretmek boýunça rugsat bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

Ata çaga seretmek rugsadyna çykmak üçin iş berijisine aşakdaky dokumentleri tabşyrýar:

↪ Arza haty;

↪ Çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasy;

↪ Aýalynyň iş ýa-da okuw ýerinden kepilnama.

Türkmenistanyň Ilaty Durmuş Taýdan Goramak Kodeksiniň 85-nji maddasynda:

"Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly çaganyň doglan gününden başlap üç ýaşyna çenli tölenilýär" diýlip bellenilýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.