OKYJYDAN: BIZIŇ HAJATHANA ÝAGDAÝYMYZ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (26 Ses)

bizin hajathanamyzÝUNISEF (UNICEF) halkara guramasynyň hasabatyna görä, dünýäniň ilatynyň üçden bir bölegi, ýagny 2,4 milliarddan gowrak adam hajatyny arassa hajathanada kanagatlandyryp bilmeýär – ýa olaryň öýünde hajathana ýok ýa-da hajathanalary arassaçylyk standartlaryna laýyk gurulmadyk.

Meniň ýaşaýan we işleýän şäherim hem şol sana girýärmikä diýýärin. Anyk mysallarda aýtsam:

▶ Şäherimizde sanitariýa infrastrukturasy, şol sanda lagym (kanalizasiýa) ulgamy talabalaýyk gurnalmadyk. Her jaý hajathanasyny özi gurdurýar we ony wagtly-wagtynda ýörite hajathana taşlandylaryny äkidýän ulaga kireý berip boşadyp durýar.

▶ Şäherimizde iş binalarynda hajathanalar ýok. Käbir hajathanalary bar bolan iş merkezlerindäki hajathanalaryň bolsa lagym ulgamy ýok. Netijede ýakymsyz ysly taşlandylar akyp gitmän, toplanyp durýarlar. Mejbury ýagdaýda şol hajathanalara 50 teňňe töläp girmeli bolýar. Olaryň içinde bolsa ne arassaçylyk serişdeleri bar ne-de bol suw. Iň bärkisi, eliňi ýuwmaga hem şertler ýok.

▶ Dükanlaryň, toý zallarynyň, restoranlaryň, kafeleriň köpüsiniň arka tarapyndan ýörär ýaly däl. Arassa hajathanalaryň elýeter däldigi zerarly, adamlar gijesine binalaryň arkasynda bukulyp hajatlaryny kanagatlandyrýarlar.

▶ Dünýäde üç mekdepden birinde hajathana ýok we 900 million mekdep okuwçysy gerekli şertleriň ýokdugy sebäpli, hajathanadan soňra ellerini ýuwup bilmeýärler. Gynansakda, biziň mekdeplerimiziň hem aglabasy şolaryň içine girýär.

▶ Gyşyna sowuk, hapa howanyň aşakdan gelip durmagy, elbetde, hemme adamyň, ylaýta-da aýal maşgalanyň bölüp çykaryş agzalarynyň saglygyna howp salýar.

▶ Iň erbedi hem, banýalardan, hajathanalardan çykýan hapa suwlar üsti açyk kanallara, joýalara akdyrylýar. Ösüp barýan ýurtlarda ähli keselleriň 80% hapalanan agyz suwy zerarlydyr. Oba ýerlerinde ýaşaýan adamlar üsti açyk kanallardan suw içýärler. Şäheriň üsti açyk giň kanallaryna akdyrylýan hapalaryň howanyň üsti bilen ýa-da gönüden-göni şol agyz suwy edip içilýän kanallara barma howpy bar.

Meniň şäherim arassa hajathanalary, arassa daşky gurşawy we sagdyn ilaty gazanmak üçin nämeler edip biler?

↪ Hajathanalardan, banýalardan çykýan hapa suwlar lagym ulgamynyň turbalaryna ýa-da üsti örtülen beton çukurlara akyp gider ýaly edilmeli. Soňra hem ýörite çukurlara akdyrylyp, zyýansyzlandyrylmaly.

↪ Her bir mekdebi talabalaýyk hajathanalar we gerekli arassaçylyk serişdeleri bilen üpjün etmeli.

↪ Ýaşaýyş, iş, dynç-alyş, söwda merkezlerinde we beýleki köpçülik ýerlerinde içinde gigiýena serişdeleri bar bolan hajathanalaryň gurulmagyny gazanmaly.

↪ Hajathanalaryň arassaçylygyna gözegçilik edýän toparlar döredilmeli. Hajathana arassaçylygy we daşky-gurşaw barada mekdeplerde we dürli mediýa ulgamlarynda gürrüňdeşlikler geçirmeli. Baýrakly ýaryşlar arkaly hem köpçüligiň ünsüni çekip bolar.

Patma, okyjy.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.