LALLYK TOHUM YZARLAÝARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

 "Salam hormatly lukman! Meniň aýalymyň kakasy gepläp bilmeýär – lal kesel. Ejesi eşidenok. Aýalymyň özi kesel däl. Biziň çagalarymyza şol keseller geçip bilermi?"

Saýtyň okyjysy.

***********

Hormatly okyjy!

Lallyk we kerlik ýagdaýy bilen alamatlanýan 40-a golaý kesel bolup, olaryň hersiniň öz tohum yzarlama häsiýeti bardyr. Anyk we giňişleýin genetiki barlagy geçirmän, bu soraga pert jogap bermek başartmaýar. Megerem, aýalyňyz kerlige ýa-da lallyga getirjek genleriň görnüşini saklaýandyr. Sizde hem onuň ýaly patologiki gen saklanýan bolsa, kerlik we lallyk bilen alamatlanýan keselli çagalaryňyzyň dogulma ähtimallygy ýokarlanýar. Eger siz garyndaş bolmasaňyz we ýakyn garyndaşlaryňyzda şeýle alamatly keseller ýok bolsa, sag çagalaryň dogulma mümkinçiligi juda ýokarlanýar.

Aýalyňyzyň ene-atasynda bar bolan keseliň kesgidini nazara alyp, genetiki barlagdan geçmek üçin genetika lukmanlaryna ýüz tutmak soraglaryňyza anyk jogap almaga mümkinçilik berer.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.